MENU

23:37
Gel, Söwda edeli Ezraýyl aga!

GEL, SÖWDA EDELI EZRAÝYL AGA!

Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!
Azat bolmaldyr millionlarça jan...
Zemini çüýreden gurçuklar barka
Garyp agysyna neneñ çydaýañ?

Degme,
Gezsin garyp göwnün baýadyp,
Halal ojagyna dowul hökmanmy?
Ogul-gyzlaryna ýetişjek bolup,
Olar onsuzam öýüne myhmandyr.

Jahany bakylyk mesgeni saýyp,
Göz aýla sen Hakdan bihabarlara.
Dünýäñ her künjüni zaýalap ýören
Baryp gaýt ýüregi harabalara.

Sadalary gurda iým edip ýören
Kän-ä ynsan geýmin geýinen tilki.
Hemem kemäýseñ mugthorlañ neslini,
Tapdan düshen ynsap daýanar belki.

Tämiz çagajygnyñ Behishdi ysyn
Ýañy koklan ejeleri aglatma!
Ýa-da, ol, çagadan Jennetin alyp,
Mähirsizleñ del ellerin galgatma!

Ogullañ mekdebi, gyzlañ guwanjy--
Dillerinden "däde" sözün sogurma!
Hem senden iñ soñky wajyp dilegim
Atalañ arzuwyn aja ýugurma!

Söz berseñ aýdanlam razylamaga
Gel, söwda edeli Ezraýyl aga!
Категория: Goşgular | Просмотров: 142 | Добавил: bayramgylychsapargylyjov | Теги: Şyhnazar Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Mekan • 07:41, 19.05.2024
Söwda edeliden soñ otur (,) goýaga, Şeýhim.

Osoñ, Ezraýyla näme hödürleýäñ, işini etmezlik üçin.

Kemine diýýo:
Ölüm - kim üçin toý-baýram, kim üçinem zulum.

Hatda Kemine ölümiñ garyp üçin toý-baýramdygyny ýañzytjak bolýa.

Her kim öz işini gowy etjek bolmaly:
Despot gowy ezmeli
Seýýar gowy gezmeli
Müjewür gowy gazmaly
Şahyr gowy düzmeli
Nakgaş gowy çyzmaly
A:sy gowy bezmeli
Ýazyjy gowy ýazmaly
Žulik gowy jyzmaly
Hemme öñe dyzamaly
....
....

Ezraýyl öz işini gowy, dogry edýändirläý, müñlerçe ýyl ede-ede gelýäninden çen tutup aydyan. Ya edilmän galany barmyka.

Degişýändirin-ow, torsaryşyp oturmañ soñ.
avatar
2
2 Merdan • 09:29, 19.05.2024
Myhman däde biz bir Gaýy saklasa "Oñuşalyda how" diyip endik eden halkda.
avatar
1
3 Мango • 12:23, 21.05.2024
2-ä.
:-)
biri bar, "oňuşmaly" bolanda 100-lik uzadyp, 80 manadam gaýtargysyny alypdyr....
näme-de bolsa oňuşmak gowy ýaly. :-)
avatar
1
4 Мango • 12:34, 21.05.2024
olar söwdalaşdy, ylalaşdy.
soň Ezraýyl sözünde durdy, gelmedi, idemedi...
olam 90 ýaşady, soň 100.
120, 150, 200, (300-em ýaşaýdy öýdýän)...
garaz, soň gözi ýolda boldy, "haçan gelerkä" diýip, günde garaşdy...
eden ylalaşygyna ökündi, ýalbardy, ýakardy...
Ezraýyl dözmedi. ahyry habar tutdy, halas etdi...
avatar
1
5 Seýrаn • 13:54, 21.05.2024
"Hem senden iñ soñky wajyp dilegim" -dilegi Ezraýyly özüni hem Ýaradan bar, şondan etsene.

Manysyna geçip oturmaýyn welin, tehniki nädürslikler bar. Birje bendi agzamasam bolmady:

Jahany bakylyk mesgeni saýyp,
Göz aýla sen Hakdan bihabarlara.
Dünýäñ her künjüni zaýalap ýören
Baryp gaýt ýüregi harabalara. - hiç kime erbetlik dilemejek bolmaly goşguda. Başgalaryň janyny al diýmek gelşiksiz.
avatar

uCoz