MENU

10:38
Geljekden bir gün
GELJEKDEN BIR GÜN

Namaza turuzar galjaň aýalyň
(Şu endigem galman geçdi, galmaýar),
Ine, çaýa oturaňda depäňde
Agtyjagyň kagyzlary gaýmalar.

Sähel gatan çörek görüp saçakda,
Kümşüldäp başlarsyň, hüňürdäp dişe.
A soň köne portfeliň goltuklap,
Köne endik bilen ugrarsyň işe.

— Salam, daýy!
— Gurgunmysyň, keýigim?
— Salam, mugallym!
— Salam, salam, Ogulbagt!..
... — Hany, bu gün kim öwrendi goşgyny?
— Men öwrendim.
— Berekella, hany aýt!..

...Ogluň bardyr, gyzyň bardyr, köp şükür!
Hersi bir ojagy aýlap ýörendir.
Ejeleri bolsa, ýazýan goşgyňdan
Henizem bir gyzy peýläp ýörendir.
(Gabanjaňdy...
Hut häzirem gabanjaň,
Onuň söýgüsine müň keren tagzym)

...Agşam ýene ýassyk...
Gan basyş... ýürek...
Irden sagdyn oýarawer, ýa Taňrym!

© Sapa HOMMADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 4.4/7
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Мango • 11:03, 15.02.2024
garrap gitseňem namaza özüň turup bilmejek ekeniň-dä?
ýakynjygyňsyz özüňi oňarmaýaňlaý, sen.
bu goşgyny oňa bir okadaýma "ine, garramyzda nämmolýa" diýip.
osoň, "gan basyş..., ýüregiň..." üstüne gözüň aşagynyň gögem goşulaýmasyn... :-)
avatar
0
2 Pegas • 12:02, 15.02.2024
Haha :D
avatar
0
3 garagar • 21:56, 15.02.2024
Mugallymyň janyna berekella.
avatar
0
4 derwushhana • 23:30, 15.02.2024
Yürekden çykan ýürekdeş goşgy
avatar
0
5 Medicall • 00:40, 16.02.2024
Sähel gatan çörek görüp saçakda,
Kümşüldäp başlarsyň, hüňürdäp dişe.


gatan çöregi çaý çorba edip iýersiñiz çaý çorbaýus-goýunýagus taýýarlap berer-a ol her gün irden namaza turuzmaga endik edinen "daýza" :)
avatar
0
6 Seýrаn • 08:46, 16.02.2024
Erbet dal-de arzuwlaryn bar eken. Sapa-da gowy goshgular nace diysen bar bolmaly. Gozlap gormeli olary.
avatar

uCoz