MENU

21:16
Gelmegiň gerek

GELMEGIŇ GEREK

Sensiz günler sapagyndan tänenok,
Ahwalyma çynyň bilen äweňok,
«Ýanyňda näme bar, ýene näme ýok?!»
Diýmegiň gerek.

Yşk ýüregme, göýä, ot bolup daman,
Üýtgedesim gelýär günleri ýaman.
Derdimi egniňe alyp bir zaman,
Çekmegiň gerek.

Seýigi ýetmeýär bu ynjyk göwnüň,
Ak daňlara umyt-ynamym döwnük,
Söýgüden bogazyň dolanda düwnüp
Görmegiň gerek.

Ykbal bir baglaýar bir kişä ynam,
Ýürek duýgularda ejizlär, ynan,
Men ýöne bir ýere aglamok, onam
Bilmegiň gerek.

Derdiňe dertdeşdir gözüňden aňan,
Aýt, haýsy dünýekä ikimiz daňan,
Göwün bu, käteler ýalanjykdanam,
Söýmegiň gerek.

Men diýseler, oňýansyňam tisginmän,
Seret maňa tarap, ýeter, seslenme.
Gaharyma näler diýsemem: «Gelme!»,
Gelmegiň gerek...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Saryýew • 23:04, 17.05.2023
Suraty hiç halamadym-da:(
avatar
0
2 Nurdаn • 23:24, 17.05.2023
Okey
avatar
0
3 Мango • 00:12, 18.05.2023
Yşk ýüregme, göýä, ot bolup daman...

bäh... ot bolup dammak diýdiňow...
ot damjasy...

***

Men ýöne bir ýere aglamok, onam
Bilmegiň gerek.

ýene aglaklyk...
avatar
0
4 Saryýew • 19:00, 21.05.2023
Mango kaka, goşgyny aglaýan wagtlarym ýazypdym-lla. Indi aglanýan ýaşdan geçdim:)
avatar

uCoz