MENU

11:43
Gelnime

GELNIME

Gujagyňda rahat tapýan, ezizim,
Ruhum giňär maňlaýyňdan öpemde.
Ýanymdakaň gaýgysy ýok geljegiň,
Hem-de asla gussasy ýok ötenleň.

Ýadyňdamy,
Şol mähriban gijeler
Söýgi bilen soranymda lebleriň
Ýaradandan dileýärdim ýürekden
Alyp geljek sowgadyny leglegiň.

Henizem umydym kän dilegmizden,
Çeksegem biz aýralygyň keşgin, ýar.
Elimde ýaragym, ýüregimde sen,
Gözlerimde mähir doly keşbiň bar.

Şonuň üçin dözümli bu ýüregim,
Kynçylygyň, gussaň bilmen nedigin.
Watan goragynda her bir ädimim –
Saňa barýan ýoly külterledigim.

Senem gara gözüň ezmegin ýaşa,
Eý, söýgi hakdaky eserim meniň.
Arkaýyn uklagyn,
Arkaýyn ýaşa,
Men seniň serhetçi esgeriňdirin!

© Süleýman HOJANEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: LegLek | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 12:54, 17.01.2024
başy maşgala lirikasy,
soňy paradnyý watançylyk.

bir goşguda iki duýgy.
edil gyş gününde howaň yssy boluşy ýaly...
avatar
0
2 sussupessimist • 20:00, 17.01.2024
Elinde yaragy bolansoň, ikinji bendini tankytlabam bolanok :)
avatar
0
3 Мango • 21:22, 17.01.2024
nomyr 2. sussupese.
göz öňüňde janlandymy? :-)
avatar
0
4 garagar • 23:48, 17.01.2024
Şol bent leglek bilen kapyýalaşdyrmak üçin edilene meňzeýär.
avatar
1
5 Rowaç • 16:05, 19.01.2024
Öň bir ýerlerde şu sözleri okapdym: "Yşkyň kanunynda şeýle diýilýär - yşk ýaşaryn bolsa ýeg. Hala ynsana, hala Hudaýa, hala ejä, hala kaka. Aýdyp bilmän yşkyň heserini çeke-çeke heläk bolsaňam şehitlik mertebesem berilýär." Birden şo sözler ýada düşdi-de...
avatar

uCoz