MENU

20:34
Gelnime

GELNIME

«Buşluk, ýene goşgularym çykypdyr!»
– diýip öýe gazet getiren günüm
açyp, birden öz adyňy okasaň,
begenermiň, Bägülüm?

Ýa bir gün duş gelseň telewizorda,
(Parhy ýokdur «Altyn asyr» ýa «Miras»)
«Gelnime» diýp, şu goşgymy okasam,
Ýylgyrarmyň biraz?

Şygyr bilen ugruň ýokdur, şonda-da
Bir gün ýolda awtobusda barýarkaň,
Radioda «Bägülüm» diýenmi eşitseň,
Tolgunarmykaň?!

Bilýärmisiň, ýagyş ýaly gijeler
Şygyr diýip görülýänin nä günüň?
Şahyr bolmak ne kyn.
Bolmasaň, has kyn.
Düşünýärmiň, Bägülüm?

2021

© Süleýman HOJANEPESOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: LegLek | Теги: Süleýman Hojanepesow | Рейтинг: 3.7/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz