MENU

09:11
Geň däl
GEŇ DÄL

Aşyk gözleň magşuk gözläp,
Bakyşlary geň däl, geň däl.
Bägül berýärler höwesläp,
Emma olar sen däl, sen däl.

Pyr-pyr aýlanyp daşymda,
Başyn egýärler gaşymda,
Gelýärler, daglar aşyp-da,
Emma olar sen däl, sen däl.

Nur deý ýagdyryp çemeni,
Toýlarda tapyp çemini,
Tansa çykarýarlar meni,
Emma olar sen däl, sen däl.

Gyz deý uýala-uýala,
Suw deregne süýt guýýarlar,
Söýýändiklerin duýýanam,
Emma olar sen däl, sen däl.

Sözleň süýjüsin söýläpler,
Sesimi derman eýläpler,
Meni ýürekden söýýärler,
Emma olar sen däl, sen däl.

Gapymda gulluga kaýyl,
Meniň buýrugyma taýyn,
Ýolum süpürýärler, janym,
Emma olar sen däl, sen däl.
Arman, olar sen däl, sen däl.

19.05.2005ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 13:45, 23.03.2023
goşgy barada: goşga söz ýok.
surat barada: bärki üç figurany hasaplamasaň, aňyrky 4 figurany bir liniýada ýerleşdirmegi şowuna düşmändir.
iň aňyrky üç figura şo ýap boýuna ýerleşmeýärler.
perspektiwa boýunça-da ýalňyş, ol üçüsi asmanda gaýyp duran ýaly, hasap boýunça aňyrky gyzlaryň oturyşy suwuň içine düşýär ýa-da olar tümmekde otyrlarmyka.
çäreçiler ýaly eşikleri meňzeş, ýaglyklary meňzeş.
ak köýneklem tansçy gyz bolaýmasa...
döwür... haýsy döwür? suwy küýzä doldurýalar. näme üçin? obalaryna krant çekmedilermikä?
"olar meýdanda piknikde" diýseň boljak ýalam. ýöne ýene-de... o küýzeler meýdanlyk däl, "arçalygyň" ýa-da "haýatyň" plastik çüýşeleri amatly. ("arçalygyň", "haýatyň" reklamasy däldir:-)).
umuman ertekileşdirilen, ýylmanak surat.
avatar

uCoz