MENU

02:36
GEÑ GÖRME!
Dünýäñ ähli ak kagyzyn jem edip,
Diñe sen hakynda ýazyp başlasam,
Okarlar, aglarlar, gülerler belkem,
Dogry düşünmezler senden başgasy.

Birde daglañ gaýasyna meñzärin,
Birde baglañ pyntygy deý dömerin,
Bu ykbalyñ maña dözmedik bagtyn,
Aýt men nädip özgesine dözeýin?!.

Bu mañlaýma şemhal ýaly ot berip,
Atmasañam yşkyñ okun dogrulap,
Ýaş halyna ýandy-köýdi at berip,
Gitmäweri duýgularmy ogurlap.

Saña duşup ýarpy beden ýaşaýan,
Bir ýüregi deñje bölekläp ikä,
Sensizligi deñemäne deñlik ýok,
Duýgylarma düşmez matematika.

Arzuwlarym salgymmyka?,
Bilemok,
Hyýallarmyñ üsti çyzyk-çyzykly,
Gowuşsagam beýle bolar öýdemok,
Arzuwyñda gezmek juda gyzykly...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 19:13, 13.08.2023
Dünýäñ ähli ak kagyzyn jem edip,
Diñe sen hakynda ýazyp başlasam
,
Okarlar, aglarlar, gülerler belkem,
Dogry düşünmezler senden başgasy.

dogry düşünmejek bolýan öýdýän Baýram kaka.
dünýäň ähli ak kagyzyn jemläp, oňa diňe Ol barada ýazsaň... onsoň beýlekiler näme ýäzmaly.
hemme kagyzy bir adama, bir maksat bilen berseň bolmyýa... men-ä garşy.
diňe Ol hakda ýazyp ýörmegem dogry däl.

umuman beýlekilere-de kagyz ýetsin.
temanam daraltmalyň.

degişýändirin.
(ýöne içinde çynam bardyr) :-)
avatar

uCoz