MENU

15:57
Gidesim gelýär
GIDESIM GELÝÄR

Eje, meň gidesim gelýär,
Ýylgyrma ýok täleýimde.
Didelemden başlan surat,
Gutaranda eňegimde.

Çigit ýaljak kiçi göwnüm,
Tamakin däl, kör-köpüge.
Ýüregimde çiglen düwnüm,
Yza berýär köpçülükde.

Tenha özüm pynhan ýerde,
Ýaralarma em eýlejek.
Galyp ýörme soňsuz derde,
Ýol şaýym tutup neýlejek?

Syrdaşym bar ýan torbamda,
Jübimde jadyly galam.
Yzymdan bakma, ugramda,
Beter synar göwün galam.

Yza berýär, gamly köňle,
Çäresizlik bagrym gemrip.
Anbar ysly sähralarda
Galjak menä birki günjük.

© Bagtygül TEKÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Bagty | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 19:33, 06.12.2022
Gowy goşgy. Ýöne soñlamasy däl ýaly...
Galamyñ ýiti bolsun!
avatar
0
2 Seýrаn • 19:37, 23.08.2023
Bu goşgy eýlekiden göz-görtele tapawutly.
avatar

uCoz