MENU

01:19
Gijeki gürriñ...

GIJEKI GÜRRÜÑ

... -Sen düşündirsene maña.
- Nämäni ?
- Söýgi diýýilýän zady. Sen hemişe okaýañ ahyry.
- Howa.
- Onda düşündir. Ýöne Tik-Tokdaky videolar, ýada köne aýdylyp geçilen sözler bilen däl. Öz pikriñ bilen.
- Nirden geldi bu sorag birden ?
- Bilemok. Kän gyz bar. Gözüñ görüp dursa, diñe bir gyzy söýüp ýaşaýjak bolsañ, kyn meñ pikrimç-ä...
- Oduñ barmy ?
- Bolmaly. Sen çekmäñi goýduñ ahyry ?
- Goýdym... ýene üstüne... Gowy gije, howa-da salkyn. Ýokaryk seretsene, näme görýäñ ?
- A-ýa, bu gün dogmandyr, diñe ýyldyzlar görünýär.
- Señ söýgä seredişiñ hem şular ýaly. Ýyldyzlar köp, ýagty saçyp duranam bar, öçügsi görünýänlerem bar. Ýöne iñ ýagty ýyldyza seredip dursañ hem, gözüñe başga bir ýyldyz has ýagty ýalak bolup görüner. Şeýdip garañkyda hiç birini hem saýlap bilmersiñ.
Ýöne bir gün, saña bir ýyldyz ýakynlaşar. O ýyldyz saña şeýle bir ýakyn geler welin, beýleki  ýyldyzlaryñ ýagtysy  peselip başlar we bir gün ol biziñ dünýämize iñ ýakyn ýyldyz ýaly bolup, señ öz dünýäñde dogar. Seni gijeden gündize geçirer. Gündiz hem señ öñki görýän ýyldyzlaryñ asmanda durandyr ýöne, bir ýyldyzyñ ýagtylygy bilen olaryñ ýagtylygy señ üçin söner.
- Ýöne, ýene gije düşer ahyry ? Ýene ýyldyzlar görner.
- Elbetde. Hemişe gowy günler bolmaz. Arasynda düşinišmezlik, dawa, aýralyk hem bolar. Söýgüni bezeýän hem şu ýagdaýlardyr... Ýöne şonda-da indi ýyldyzlara däl-de, Aýa üns berersiñ. Pikriñ şol bolar, Aýyñ ýagty saçmagyna hem şol ýyldyzyñ sebäp bolýandygyna düşinersiñ. Ýene säher bilen gün dogar, şol pursat çaga ýaly begenersiñ...
- Dogry. Bu aýdanlaryñ diñe pikriñmi ýa... sen hem ???
- Gürrüñ uzajaga meñzeýä. Ýañky odyñy ber ýene...

​© Öwezmyrat AŞYROW
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 100 | Добавил: Okayjy_ | Теги: Öwezmyrat Aşyrow | Рейтинг: 3.0/4
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Nurdаn • 18:45, 10.08.2023
Awtory kim munuñ?
avatar
0
2 Okayjy_ • 19:21, 10.08.2023
Salam. Awtor:Öwezmyrat Aşyrow.

Blogy goýamda nirä ýazmalydygyna düşinmedim. Soñam düzedip bolanok eken
avatar
0
3 Medicall • 23:30, 19.10.2023
Şuny gaýtadan okadym weli, gowy pikir ýöredýän eken, birinji okamda ýüzley gözden geçirendirin-da, aslynda mende bir ýagdaý bolýar bir zat okap başlamda: goşgy bolsun hekaýa bolsun başyny "söýgi" "söyyän" ýaly başlasa ýeñiljek "söýüşýänler" gözöñüme gelýärde, ýöne gözden geçirip sowulaýan-da, şonuñ üçindir, kän düşünişman goyupdym. Emma gowy pikirlenýän, saldamly ýazjak awtorlardan boljak eken ýazyberse.. Tüweleme!
avatar
0
4 Pero • 00:16, 20.10.2023
Hawa simwoliki närseleri ulanyp söýgä düṣünmäge çalyṣypdyr. Ýazybermeli. Esasanam köpräk okamaly,harp ýalñyṣlary,grammatiki ýalñyṣlary bar eken:düṣindir däl düṣündir,howa däl hawa,göziñ däl gözüñ,pikriñ däl pikiriñ...bolmaly. Ýadymda galanlary ṣular. Ýene bar bolsa düzedibermeli. Esasy zat özbolyṣlyja ýazýa,awtora üstünlikler!
avatar

uCoz