MENU

11:26
Gijeki oýlanma

GIJEKI OÝLANMA

Aý-aýdyň asmana bakyp otyryn,
Tebsirän ýüregme teselli gözläp.
Men gijä içimi döküp otyryn,
Şo-ol geçen günleriň ýumagyn çözläp.

Göýä, Aýam maňa ünjüli bakýar,
Duýgudaşlyk bilen bakýar ýyldyzlar.
Gözlerimden ýitseň-de,sen birçaklar,
Göwnümden aparyp bilmez aý-ýyllar.

Ýygy-ýygy bakyp,sen giden taýa,
Otyryn gijäni edinip hemra.
...Asmanda bir mahal batypdyr Aýam,
Men bolsa sen hakda oýlara gümra.

Sen meniň bagtymmy,ya hasratymmy?!
Şol gün heser bolup, çykdyň bijeden.
Men senden görmedik mylakatymy,
Tapmakçy bolýaryn sowuk gijeden...

© Solmaz AZIZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Medicall | Теги: Solmaz Azizowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:10, 22.05.2024
asman, gije, aý, ýyldyz, gaýgy-gam, geçen günleň ýumagyny çözlemek...
şablon ýalammy?

başynda: "Men gijä içimi döküp otyryn..."
ortasynda: "Otyryn gijäni edinip hemra..."

başynda: "Göýä, Aýam maňa ünjüli bakýar..."
ortasynda: "...Asmanda bir mahal batypdyr Aýam..."

ol ol hakda şeýle bir "oýlara gümra" bolýa welin Aýyň birmahal batanymam duýmaýar.

gaty güýçli gussa bolmaly.
gowja goşgy (standartja diýmeseň).
üstünlikler.
avatar

uCoz