MENU

00:28
Golumdan däl göwnümden tut!.


Ikimiziñ aramyza, köpri bolan,
umytlary,
Kalbymyñ çuñ ýerinde duran,
Adyñy,
Oduñy,
Dadyñy,
Ähli zadyñy,
Gursagyma tozan sorujy tutda,
Zibile okla!.

Seret!
Sen ähli geçenleri unutda,
Ýalanlarña gark edeñde göwnümi,
Iñ soñkyja ýapyşalga samanam,
Ellerimden garbap, goparyp,
alanyñy unutma.

Ýok bu zatlar asyl seniñ hatañ däl,
Islemedik zatlañ başyña geldi,
Seni ulananam meniñ ykbalym,
Şony bilmezligiñ ýa bilmejegiñ,
Hoşuma geldi.

Ýoluñ soñy duzaklara barýamy?
Dogmadyk duýgyma don biçip ýörün,
Men senden has uzaklara barýaryn,
Hem senden däl özümden gaçyp ýörün.

Ynam bilen söýgi bilen görülýän,
Bagtyñ teatry petek satmaýar,
Arkaýyn gidiber, salgyma yñda,
Dymda,
Göwnümden tutup,
Meni sakla ýa!...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Lacrymosa • 09:48, 23.03.2024
Böh-böh, Hojoş! ýatyp-atyp-ýatysyň-aý! gaty bet bolup başlapdyr. Şü Baýram erkinleşip başlasa, hiç kimiň çaky bolmaz diýýädi baýlar. Şo çyn boljok ýaly bop du. 
Aýdar Baýram, dilin-ä bilseň,
Şaglap i:ner bürgütleri
I:ner şaglap bühühürgütler-eý! diýilýäni bolupdyr, körpe!
avatar
0
2 Aýgül_Baýadowa • 22:43, 23.03.2024
Düşünen bolsam, atamyň agtygy bolmadygym...
avatar
0
3 Балканов • 00:33, 24.03.2024
Aýgül salam!
     Awtoruň bu goşgusy örän syrly we onuň doly manysyna diňe bagş edilen adam düşünýän bolaýmasa.
avatar
0
4 Ak-sary • 17:56, 24.03.2024
garbap, goparyp,
alanyñy unutma.

Şutaýdaky "goparmagy" birzada etmeli
avatar

uCoz