MENU

13:52
Göreşde ataňam bolsa sylama!

GÖREŞDE ATAŇAM BOLSA SYLAMA


Awstraliýanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda iki sany Purdi çykyş edýärdi. Ataly ogluň ady Sessil hem-de Jondy.
Sessiliň — kakasynyň ýurduň çempiony bolmaga ähli mümkinçilikleri bardy.
Munuň üçin diňe iň soňky tapgyrdaky oýny utaýmak galypdy. Bije boýunça-da ahyrky döwi ogly bilen oýnamalydy. Ýöne kakasy oglundan utulyp, birinji orny elden gideripdir. Ol oglunyň elini gysypdyr, maňlaýyna inen der damjalaryny sylybam, stoluň başyndan turup, gygyryp gürläpdir:
— Ine, çagalaryňa küşt oýnamagy öwretseň, bolaýjagyňam şudur.

© Ýuriý AWERBAH
"Toslanmadyk wakalar" Dünýä edebiýaty

Terjime: © Çary GELDIMYRADOW
Категория: "Jahanda näler görüner" | Просмотров: 80 | Добавил: Medicall | Теги: Ýuriý Awerbah | Рейтинг: 4.0/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pero • 08:17, 14.02.2023
Şägirt halypadan ozdurmasa,kär ýiter"
avatar
0
2 Мango • 13:20, 14.02.2023
bäh, öýkelek kaka ekenaý... :-)
öz oglunyň ýeňşine begenip bilmeýän bolsa, başgalar ýeňse dagy tütäýmese...
avatar

uCoz