MENU

20:32
Gorky

GORKY

Sensiz ömürmi?,
Aý ýok, gözöñüme gelenok,
Bu birhili ,,topraksyz kök" diýen ýaly,
Kalbymda gan öýen ýaly,
Urunaryn, çyrpynaryn,
Unutmagy unudaryn,
Asmandan aşak gaçaryn,
Hawa, çynym.

Ho-ol arada az wagtlyk,
Tersleşdik ýadyñdamy?,
Zemin başaşak öwrüldi,
Çagba guýdy, buýdy göwnüm,
Duýgylam hossarsyz galdy,
Tapmadym islegmiñ göwnün.

Adatylyk senden daşda, alysda,
Aşyk bolan her kes düşmez bu taba,
Seni ýitimirmezlik üçin adyñy,
Ýazdyraýsammykam ,,gyzyl kitaba"?.

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 156 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 21:59, 08.05.2024
Jigimjan, goşgyñ birinji bendiniñ başynda ýerdediñ, ýene gaçsañam asmandan gaçmaly bolýañ şol bentde, şolikiarada haçan çykyp ýetişdiñ asmana hää,
ýammanam bir çalt çykan bolmaly özüñ-a?))
avatar
0
2 Medicall • 22:03, 08.05.2024
Asmandan gaçsañ öz adyñy ýazaýmasalar gyzyl kitaba)
avatar
0
3 aygull • 00:13, 09.05.2024
Ynha-da...
avatar
0
4 Seýrаn • 09:04, 09.05.2024
Jemlemesi gorkyny gowy beripdir we ýokarky setirleriň bar ysgynyny alypdyr. Ýuwan bolupdyr soňky iki setir.

Adatylyk daşda diýip, ýene adaty setirler bilen jemläpsiň.
avatar

uCoz