MENU

00:23
Gorkýan...
GORKÝAN...

Bu kalbyma soltan bolup soň bolsa,
Köňlümiň köşgüni ýykandan gorkýan.
Yhlas, gözýaş, agy... baryn depeläp,
Bu gara bagrymy ýakandan gorkýan.

Yşkdan doly gözlerimiň içinden,
Sil kibi towlanyp akandan gorkýan.
Süýji söhbetleriň talagyn berip,
Ýüzüme ýat kibi bakandan gorkýan.

Bu yza başga bir düşnüksiz yza,
Kalbymdan mar kibi çakandan gorkýan.
Goşgulam aglaýan ýaly,
olaryň
üstüne atanak çekenden gorkýan.

Buz üstünde tozan arap, aýny wagt,
Ýersiz bir bahana tapandan gorkýan.
Alyň ala meýdanyny agladyp,
Mensiz atyn ýeke çapandan gorkýan.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Просмотров: 122 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Seýrаn • 10:21, 14.08.2024
Şahyr diýeniň hiç zatdan gorkmajak ýaly.
avatar
0
2 Pegas • 12:59, 14.08.2024
Gorksa-da, diňe tankytçydan gorkaýjak ýaly. :))
avatar

uCoz