MENU

18:37
Görüñ, görüñ, görüñ, gyz geçip barýar!
Donuñ etegine, gözleri ala,
Dakypsyñ birgeñsi eýjejik gola.
"Jyññyrdap" seslenýär düşeñde ýola:
"Görüñ, görüñ, görüñ, gyz geçip barýar!"

Seniñ golañ sesi şeýle ýakymly,
Haýranlar galdyrýar adam akymny.
Duýdurýar hem näzik hemem hökümli:
"Halaýyk, ýol beriñ, gyz geçip barýar!"

Diýýär: "Ýañrap duran eý agzy paýyş,
Eger mümkin bolsa, sendenem haýyş:
Diliñi ýygşyr-da, bir gyra süýş,
Ýokmy haýa-şeriñ, gyz geçip barýar!

Düýşleriñe gyzlar girip, birçaklar,
Murty tabap, ýigit ýeten gerçekler,
Irde-giçde süýji durmuş gurjaklar,
Bagty synap görüñ, gyz geçip barýar!"

...Barýarsyñ uz ýöräp, gözleri ala,
Donuñ etegine dakypsyñ gola.
Golañ ýetişeniñ buşlaýar ile:
"Sawçylyga baryñ, gyz geçip barýar!"

Hemra ŞIROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz