MENU

20:21
Goşgujyklar
Bu gün süññüm ýeñil,
Asmanam dury,
Guşlaryñ owazy,
Öñkiden gowy.
Täsin saýraýar, örän üýtgeşik,
Adamlaryñ garaýyşam üýtgeşik.
Bu garaýyşlar geçdi bir wagt.
Ýadyma düşenok,
Ýöne bolupdy,
Bolanlygy hak.
Göwre kapasama howa dolupdy...

Gulagyma gelýär ýakymly hüwdi,
Men täzeden dogulaýdymmykam,
Başga-başga ýerdäki
Galaktikada...
Wah, öñki durmuşum gowudy,
Kemem bolsa gowudy...
Ýöne adamlaram, ýakynlam-tanyş.
Günem şol güneş,
Özem batyp barýar...
Ýöne???
Näme üçin gün gyzarman batdyka???

**********

Men surat çekýärin howañ ýüzüne,
Özümden özgeler görmesin diýip.
Hiç hili galam ýok, reñkläre guaş,
Ulanýan reñkim gülki hem gözýaş,
Garyşyp dürli reñke özgerer diýip.
Belki, soñ görüner hemmäñ gözüne
Men surat çekýärin howañ ýüzüne.

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 11:56, 20.07.2023
Remezan kaka. bu iki goşgyňdan aşakysy gowy ken.
"kuaş" diýýäniň "guaş" bolmaly ýöne.
üstünlikler!
avatar
0
2 Kyyas • 12:21, 20.07.2023
Aý kuaşmy? Guaşmy men dogrusy nämeliginem bilemok ýöne surat çekilende ulanylýan guraldyr diýip,

Kellä bir setirler gelen wagty belleşdirip goýdum.

Minnetdar!
avatar

uCoz