MENU

23:55
"Goşgular hakyndaky goşgular" şygyrlar toplumyndan

Ykbal

Şygyrlarym — meniň söze öwrülip,
özgeleň dilinde aýdylmagymdyr.
Ýüregimden ýürek bolup, sogrulyp,
ýüreklere siňjek aýdymlarymdyr.

Bu dünýede ähli kişi myhmandyr,
aglap doglup, agladybam giderler.
Şygyrlarym — meniň asyl nusgamdyr,
ony
oňde-soňda ykrar ederler.

Soň,
şygry söýýänleň öwmegi mümkin,
käbirleri — inkär etmäge geler.
Olara-da «Sag bol!» aýdýaryn, çünki,
soň özlerem şeýle ykbala geler.

GOŞGY

Ýeri, näme sebäp, başlan şygryma:
şu günmi,
geçmişmi,
ýigrençmi,
söýgi ?!
…Parahat kalbymyň dynçlygyn bozup,
kalbym gyjyklaýar düşnüksiz duýgy.

Meni sowgat beren mukaddes enäň,
gözden uçup barýan mährem keşbimi?

Ýa-da
yşga taplanmadyk ýüregme
bir gözeliň owazasy düşdümi?!

(Ömri uzyn bolsun)
mähriban ataň
Öňündäki bitirmeli borjummy?!
Men bilmedim, bir duýgynyň täsirne
birdenkä, parahat kalbym gorjandy.

(1979-80-nji ýyllar)

ŞYGYR

Gül, bägül gözledim,
gül, bägül köp, kän.
Teşne duýgularmyň jylawyn çekmän,
ysgap-ogşap, desse-desse topladym.
Eý-ho, öwrüldi ol bir ajap şygra,
nazarym sowmaga gurbat tapmadym.

Sagy seňsiretjek,
dertli üçin — derman,
düşdi onuň sowuk didelerinden
kalbymyň törüne bir çümmük arman.
Umydymy üzdüm — idelerimden.

Men şygra aşykmen,
magşugy hakda
uzak oýa batmadyk, heý, bolupmy?
Oýlardan armanyň sebäbin tapdym.
Tapdym,
hemem
göz ýetirdim ymykly:

Pikir — şygryýete öwüşgin berýär,
(olam — kemsiz ýeten wagty çekimi).
Pikirsiz goşgy bir owadan gyzdyr,
ýöne oň ýerinde däldir akyly.

ŞYGRYÝET

Didelerim dumanlady,
täsin köşge düşdim bir gün.
Giç galyp kino giren deý,
ýer tapman boýnumy burdum.

Säw bilen bäri düşene,
ýok ýaly asla çykalga.
Otyrlar ýanyp-üşedip,
ýylana duşan syçan deý.

Müşkli, reňkli adamlar —
bir jadyly halydylar.
Syrly ýylgyrşy olaryň
haýpy gelýän ýalydy.
… ýa meni — haladylar.

Neneňsi düşdümkäm bäri,
beg başym edip bendiwan.
Men bir zat duýdum,
görmedim.
göwnüme gitdi güman.

Kim barýar sogrulyp mundan,
kim öňe atýar owsuny.
Gün bolup dogdy alnymdan,
ýaryp gümanyň göwsüni.

Gussadan ýasalan keşbi,
ýakymly, lezzetlidi…
Bu — şol,
elden alan erki —
onuň Alyhezretleri —
şygryýet!

© Aşyrmät GARLY
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz