MENU

07:07
Goşgy

GOŞGY

Şygra näme diýseň diýibermeli,
Anyk kesgitlemä sygmaýar goşgy.
Ýazmasaň ylhamyň joşan mahaly,
Dolanyp yzyna gelmeýär goşgy.

Söýgi päk bolýandyr birligi bilen,
Başga duýgulary bilmeýär goşgy.
Ýalanyň yzyndan ýetilýär basym,
Duýgusy çyn bolsa, ölmeýär goşgy.

Petinde galsa-da kagyz-galamyň,
Gyýmasa gursagy dogmaýar goşgy.
Dady başga otsuz otda ýananyň,
Söýülmedik gözden çogmaýar goşgy.

Ötýär saňa özgeleriň garaýşy,
Könelen ýaraňy dyrnaýar goşgy.
Bile biten ýaly ene garnynda,
Kem-kem ykbalyňa ornaýar goşgy.

© Ogulnur ATAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 152 | Добавил: Saryýew | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 07:31, 30.04.2023
Söýgi päk bolýandyr birligi bilen,
Başga duýgulary bilmeýär goşgy.

Goşgy diňe söýgi barada bolmalymy-ka?
avatar
0
2 Мango • 07:33, 30.04.2023
Awtoryň ady bilen tegdäki at tapawutly,
Goşgy kimiňki?
Gurbanmyradyňkymy ýa Ogulnuryňky?
avatar
0
3 Saryýew • 08:33, 30.04.2023
Mango, bagyşlaweriň. Ýalňyşlyk gidipdir. Goşgy Ogulnuruňky elbetde
avatar
0
4 Nurdаn • 09:00, 30.04.2023
Men düzedemde goşgyñ aşagynda at familya ýokdy, posty Saryýew açansoñ, tega seretmäni Gurbanmyradyñkydyr öýdüp men ýazandyryn ony, meñ ýalñyşym bolsa, bagyşlaweriñ:)
avatar

uCoz