MENU

17:18
Goşgy

Ýazýar ol gyz, şeýle güzaply ýazýar,
Bagryn ýaşa ezip, ýüregin dyrnap.
Ýagyş bolup gözýaşy gökden ýagýar,
Ýanýar bir ynsanyň adyny samrap.

Görýär düýşlerinde, bir şony görýär,
Söýýär, gursagyndan çykarmasy kyn.
Öz-özüne her dem göwünlik berýär,
Ötünç sorap geljek güni-de ýakyn.

Wah, ol bolsa gelmän geçdi wagtynda,
Al kakdymy, hazan urdumyka ýa?!
Şahyr däl-de, jahyl çykyp bagtyndan,
Özge bilen durmuş gurdumyka ýa?!

Ýazýar ol gyz, gaty gözgyny ýazýar,
Gaýtalap bolmajak goşgyny ýazýar.

Uzuk NOWRUZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 170 | Добавил: Pegas | Теги: Uzuk Nowruzowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz