MENU

10:40
Göwnüme

GÖWNÜME


Eşidýärmiň, göwnüm,
jar çekýär jarçy,
geý, bol, toý donuňy,
hatda sakalmam
syrjak şu gün,
toýa jalaýja barjak.
Häzir bolar welin atlan-ha-atlan,
serden geç,
gamçyla,
çap atyň,
ýaly
bulut deý galgasyn
al-howada, goý.
Gökdäki Güni hem çapady ýaly
syryp gaç gazandan,
howalaly toý
gyzsyn,
hut ýaglyga towsan dek towsup,
aslyş susagyndan hol Ýedigeniň,
kakyp al, isleseň, ýaýyny Kowsuň,
Akmaýaň ýoluna ýetir eliňi.
Göreş tut,
döwleri agdar,
sünç,
ýyk,
bas,
ylga, uçýan haly haşlap düýrülsin.
Seniň syratyňa aňkarsyn jynlar,
gultunyp baksyn, goý, arşyň hüýrleri...

Elmysakda çalan sazyň çalaý, jan
girsin,
sensiz göwräň ýarsy çig palçyk.
Timar ber özüňe, bol sen jalaýja,
Göwnüm,
galsana bol,
jar çekýär jarçy.

© Orazmyrat MYRADOW
Просмотров: 107 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Seýrаn • 11:11, 25.06.2024
Göwnüme bolmasa şu gün göwünler joşupdyr. Gowy ýazýar Orazmyrat aga, berekella!
avatar
0
2 Мango • 15:30, 25.06.2024
Häzir bolar welin atlan-ha-atlan,
serden geç,
gamçyla,
çap atyň,
ýaly
bulut deý galgasyn
al-howada, goý.

garyndaş söz ekeni (ýaly, deý)...

ertekilerdenem gowja edip garyp bilipdir, Orazmyrat daýy.

Göreş tut,
döwleri agdar...

döwli setirleri göwnüňi göterip gidýär.

ýöne, goşgy göwnüne ýalbaryp başlaýar "toý donuňy geý" diýip, göwnüni galdyrjak bir topar pozitiw zatlar aýtsa-da ýene-de soňunda bolmadyga meňzeýär, "Göwnüm, galsana bol..." diýip ýalbarýa welin...

göwnüňem göwnüni tapmak kyn...
avatar
1
3 sussupessimist • 17:22, 25.06.2024
Göwnüňi aldamak diýilýär oňa.

ol agzan ýeriňde ýaly däl-de, düýp sözi - ýal, Mango dost, atyň ýaly göz öňüne tutulýar
avatar
0
4 Мango • 17:47, 25.06.2024
3-e.
düzedişe minnetdar.
dost diýeniň şöle bolar-la.
avatar

uCoz