MENU

23:26
«Göwün guşum...»

* * *

Göwün guşum,
Galgat, hany, ganatyň!
Ýadanyňam bilýän,
Irenligiňem.
Men özümi aldap,
Gurra, pal atyp,
Uçjak bolýan,
Ýöne süýrenjilige
Ýakynlaýar süňňüm,
Umydym sensiň.
Bilýän, göwräm agyr götärden göge,
Sypyr synalarmy,
Ruhumy tensiz
Galdyr,
Goý, salsynlar jesedim göre...
Ýa-da mensiz goşul guşlaň hatarna,
Eglenme, uç göz ýeterden belende.
Söz ýeterden ýokarda bol,
Atarlar...
Menem bir gün uçaryn-da ölemde...

© Orazmyrat MYRADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 139 | Добавил: sussupessimist | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 4.6/7
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Seýrаn • 23:56, 18.12.2023
Gowy yazyar awtor. Temasy menzesh diyaymesen. Doygunmy namemi.
avatar
0
2 sussupessimist • 00:04, 19.12.2023
Edil hazir maňa gerek sözler...
"Nesil" gazetinde çap bolan eken.
Dogrudanam, eserleriň özi bizi tapyar.
avatar
0
3 garagar • 00:19, 19.12.2023
beýle goşgularam çap edilýän bolsa, gowy onda.
avatar
0
4 Awtor • 23:43, 19.12.2023
Söz ýeterden ýokarda bol,
Atarlar...


Gowy aýdypdyr. Sözüň oky erbetdir.
avatar

uCoz