MENU

10:27
Göwünlik

GÖWÜNLIK

Haýp, şat günleň geçişine sered-ä,
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam,
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar şol sähetli senede,
Galman bilmez monjuklaryň düzülmän.
(Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da
ýüregim agyrýar, juda üzülýän.)

Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň
Garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym —
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi.

Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günde hem köteklemek aýypdyr.​

© Aýbölek ABDYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Medicall | Теги: Aýbölek Abdyýewa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 sussupessimist • 10:44, 25.06.2024
Bäh, bu gün GÖWÜN sözüne goşgular goýulýan ýaly bolupdyr...
avatar
0
2 Seýrаn • 11:15, 25.06.2024
Bir zatdan göwni galypdyr. Göwni bozulan bu goşga göwnüm ýetdi. Indi beýdip oturman göwnüňi açsaňam bolar.
avatar
0
3 Pero • 12:30, 25.06.2024
Göwnüñdäkini göwnüñden çykarman,başga kişä göwün bermäge özüni mejbur edýän ýaly düşündim
avatar
0
4 Мango • 15:45, 25.06.2024
bu-da Aýbölegiň özüçe "Kahrın da hoş lütfunda hoş" diýişi bolup eşdildi...

ýyzzyl(lar).
avatar

uCoz