MENU

11:59
Gowy gyz

GOWY GYZ

Ol meniň student — ýaşlyk ýoldaşym,
Men oň durmuşuna aşyk owaldan.
Oň birje ýylgyrşy beýgeldýär başyň,
Ol şeýle owadan,
Şeýle owadan!

Ýeri, ol owadan bolanda näme?!

Onda kän şatlyk bar,
Onda kän gam bar,
Onuň bilen söhbet etmek ýakymly,
Her bir aýdan sözi kalbyňa damýar,
Ol şeýle akylly,
Şeýle akylly.

Ýeri ol akylly bolanda näme?!

Her bir meselede aýdyň hem takyk,
Diýdigi gutardy — örän bir gepli.
Tüýs terbie gören diýleni hakyt,
Ol diýseň edepli,
Diýseň edepli.

Ýeri ol edepli bolanda näme?!

Ýagyş damjasyny,
Hol ýatan çöpi
Eý görýän, duýga baý köňül şähri bar.
Ol duýgy özüne bendi edýär köpi,
Ol şeýle mähriban,
Şeýle mähriban.

Ýeri ol mähriban bolanda näme?!

Ony meňzedemok men ýöne ýere,
Gözeller içinde ýeke-täk gyza.
Oňa hiç ýokmaýar sürtseň-de gara,
Ol şeýle päkize,
Şeýle päkize.

Ýeri, ol päkize bolanda näme?!

Owadandan-owadan kän dünýäde,
Ýöne, oň taýyna duşamok heniz.
Ol juda çalymdaş bagt diýen zada,
Ol şeýle gowy gyz,
Şeýle gowy gyz.

Ýeri, gowy gyz bolanda näme?!
Ol özüňki bolmasa!

© Tirkeş SADYKOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Tirkiş Sadykow | Рейтинг: 4.4/5
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Medicall • 14:15, 24.12.2023
Ajap goşgy, ýetirip duruñ))
avatar
0
2 Мango • 15:57, 24.12.2023
goşgyň soňunu bulap taşladylaý...

Ýeri, gowy gyz bolanda näme?!
Ol özüňki bolmasa!

düýbünden ters zat, eger degişme bolsa-da....
näme hemme gowy zatlar seňki bolmalymy?
özüňki bolmasa bary biderekmi?

indi goýlan surat barada.
edil bilgeşleýin edýän ýaly, "gowy gyz" diýip erkek geýimini geýen gyzyň suratyny goýýara-a Laçyn hanym.
gözledim tapdym internetden, aýal geýimini geýen erkegi.
ine:

ýeri bulam "gowy erkekmi?"

gowy gyzyň suraty:
avatar
0
3 Lacrymosa • 16:22, 24.12.2023
Gyzjagaz-a gowuja-la, Mango daýy! Tüweleme! Tüweleme! Alny-bagty açyk bolsun! Görübilmedigiň gözi çyksyn!
Ýogsa-da nädip şun ýaly ajaýypja gyzy ýokarky näsaga deňäp bildiňiz-ä?!
avatar
0
4 Мango • 16:26, 24.12.2023
bantikli gyza diýýäňmi?
avatar

uCoz