MENU

00:58
Gözüm dikip ak durnalañ yzyndan...
Gözüm dikip ak durnalañ yzyndan,
Gykuwlaşyp serhoş eden sesine,
Her ýola bakýaryn dolanar öýdüp,
Geler ýazlap giden höwürtgesine.

Höwürtgemi?
Ýok, ol ýöne höwürtge-de däl,
Ol durnalaryñ dogduk mekany,
Meniñ bilen bile ulalypdylar,
Indem,
taşlap gidermi meni...

Öýkeletdim öýdýän,
Şeýledir meger.
Geliñ yzyñyza men eger-eger,
Siziñ hoşuñuzdan turaýjak bir zat,
Tapaýyn,
emma,
Göwüne degmen...

...Görsene,
Galdyryp siz meniñ üçin,
Guzlap giden ekeñiz ýumurtga,
Ýumurtgadan çykdy kiçijek jüýje,
Emma durna däl-de,
Ol,
Alahekge.

© Remezan Mämetgurbanow
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 12:48, 10.10.2023
bäh...
...görsene,
durna ýumurtgasyndan,
alahekge çykdy oturyberdi...
avatar
0
2 Kyyas • 19:51, 10.10.2023
Hakykatdanammy? Geñ galaýmaly nädip çykyp bilerkä???
avatar
0
3 Myhman1185 • 09:39, 11.10.2023
Kyýas gardaş, Remezan Mämetgurbanow (ỳagny, şu goşgyñ awtory) siziñ özüñizmi?
avatar
0
4 Kyyas • 17:38, 12.10.2023
Hawa
avatar

uCoz