MENU

14:13
Gripp we Görip

Işe barýarka görip,
Sataşdy oñ grip.
Başlady ol dessine
Asgyryp hem üsgürip.
Göterilip gyzgyny,
Boldy haly gözgyny.
Gaýtmady ol yzyna,
Diýdi özi-özüne:
- Grip ýoluganyny
Işe baryp aýdaýyn.
Halamaýan adamma
Ýokaşdyryp gaýdaýyn! -

Iş ýerine baransoñ,
Asgyrdy ol:
"Äpişä!"
Şeýdip görip
Gribin
Ýokaşdyrdy köp kişä.

Hezil edinip grip,
Diýdi: - Ýaşasyn, görip!

Hemra Şirow
Категория: Goşgular | Просмотров: 89 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Lacrymosa • 21:14, 14.01.2024
Suratyn-a bet görkezdim weli
boýy kiçjik boldy-da
suratlary nirde nädip ulaltmaly
Adamlar! kiçijik suratlar bolaýsyn-la meniň postlam Hääää?
avatar
0
2 sussupessimist • 22:41, 14.01.2024
Sen yöne, tuweleme, bizi Hemra Şiriň doredijiligi boyunça ekspert edip baryaň :)
avatar
0
3 Lacrymosa • 22:45, 14.01.2024
Dossum-ow ol-ow!
avatar
0
4 Lacrymosa • 22:56, 14.01.2024
Hut Hemra Şirowyň (Çagalar edebiýatynyň wekilleriniň ady gidýä şu ýerde) döredijiligi dälmi bizde edebiýata, poeziýa ...... söýgi döreden. Şolar elimizden tutup edebiýatyň bir gyrasyndan aralaşdyryp goýberdiler ahyry. Halypamyz ahyn Ol! Hemmämiziň!
avatar
0
5 Rowaç • 16:14, 15.01.2024
Halypanyň bu setiri näme aňladýarka, osom:
Sataşdy oñ grip.
avatar

uCoz