MENU

14:28
Gülki. 23-nji onluk

GÜLKI. 23-nji ONLUK

Ýolda maşyn birini kakypdyr. Şol ýerde üýşmeleň bolup durdy. Gazet üçin habar gözläp ýören işgärem tizräk suratyny aljak bolup, "Çekiliň gyra, men öleniň kakasy" diýip bardy welin, ýerde ýatan eşekdi.

***

Ne köp gezen biler, ne köp okan, hemme zady ejelerimiz biler!

***

Aýna seredip, öz görkünden göwni geçip ýören aýal hüňňürdeýär:
- Gowy-da! Meniň ärime geregem şol!

***

Bäş ýaşlyja oglanjyk kakasyndan soraýar:
- Kaka, sagat ýatyp galypdyr diýýäň welin, indi ony nädip turuzsakkak?

***

- Özümiň şahyrlyk zehininden mahrumdygyny näçe ýyl soň bilip galdym.
- Ýeri onsoň indi ýazaňokmy?
- Indi giç. Eýýäm belli şahyr boldum.

***

Işe gijä galyp geleniň düşündiriş arzasy:
- Men işe sagat 08:00-da däl-de 10:00-da geldim, beýle giç gelenimiň sebäbi, işdäkiler ahyr soňy 10:00-a çenli diňe çaý içýärler, a men onça wagtlap çaý içmegi halamok.

***

- Gyzym, ýöne özüňe timar berip otyrsyň. Öýüňem arassalygyna seredäýmeli ahyry!
- Wiý, ejemi, ýigitler öýi däl-de, gyzy synlaýarlar ahyry!

***

Gyzlar juda rehimdar. Olar oglanlaryň hiç hili günäsi ýok ýerinde hem bagyşlap bilýär.

***

- Ýaş kadr bilen tejribeli kadryň arasynda nähili tapawut bar?
- Ýaş kadr işläp bilenok, tejribeli kadr bolsa işlemezligiň ýoluny bilýär.

***

Şu durmuşyň maňa beren ýekeje plýus zady bar, olam gan toparym.

Toplan: @ATSYZATLY

Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 150 | Добавил: Мango | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Мango • 14:45, 29.11.2023
myrlaýanlany (horlaýanlary) ýigrenýämişler...
özlerinden habary ýok pişikleň...
avatar
1
2 Мango • 14:46, 29.11.2023
Aýna seredip, öz görkünden göwni geçip ýören aýal hüňňürdeýär:
- Gowy-da! Meniň ärime geregem şol!

şuňa-ha tas daşymdan gaty gülüpdim...
avatar
0
3 Medicall • 13:02, 30.11.2023
Hemme ýerde bariken biziñki ýaly kollega:)

Işe gijä galyp geleniň düşündiriş arzasy:
- Men işe sagat 08:00-da däl-de 10:00-da geldim, beýle giç gelenimiň sebäbi, işdäkiler ahyr soňy 10:00-a çenli diňe çaý içýärler, a men onça wagtlap çaý içmegi halamok.
avatar

uCoz