MENU

00:58
Gülki. Altynjy onluk

GÜLKI. ALTYNJY ONLUK

Bir wagtlar Gresiýada şeýle däp bar eken. Haçanda bir adam Halk Maslahatynda täze kanun teklip etjek bolanda, ol daşyň üstünde boýny ýüpli durmaly eken. Eger-de kanuny kabul etseler boýnundaky ýüpi aýyrýan ekenler. Eger-de kabul edilmese aýagynyň aşagyndaky daşy aýyrýan ekenler.

***

Ependi obadaşyny jaýlaşmak üçin mazarystanlykdaka oňa klasdaşy sotowyý telefondan jaň edýar.
-Ependi aga keýpler nähili?
-Klasdaşjan, men mazarystanlykda! Soňrak özüm jaň ederin.
-Waý Ependijan! Agam! Kim seni öldürdi, nädäýdiň buny.....

***

Ýaşamak – oýun ýaly zat!
Emma, oýnuň düzgünleri welin OÝUN DÄL!

***

Ependiň mekdebe gatnaýan kiçi ogly ylgap gelýär:
- Kakamjan! Aý, ýöne salamlaşaýaýyn diýdim...
-Gijä galdyň oglum, eýýäm ejeň salamlaşyp gitdi, jübimdäki hemmeje pulumy berdim!

***

Üçünji gat jaýdan serhoş biri ýykylýar. Daşyna adam bary üýşýär. Ine-de polisiýa geldi:
-Bu taýda näme boldy? Nämäň üýşmeleňi?
-Menä bilemok! Menem seň ýaly ýaňja geldim şu ýere – diýip, serhoş üsti-başyny kakyşdyryp gidiberipdir.

***

Alkogoligiň gürrüňi:
-Men arak içemde aýalymyň ýanynda içemok! Gözümiň öňünde onuň iki sany boluşyny halamok...

***

Serhoş öýüne gelýär. Oňa aýaly gygyrmaga başlaýar. Serhoş bolsa:
-Köp içmedim howw! Üç bolup bir çüýşe aldyk!
-Onda näme beýle yraň atyp dursuň, ýerçeken!
-Ol ikisi gelmedid-ä how!!!

***

Biri irden tursa – daş töwerek ýaşylmyş! Ýaşyl jaý, diwarlar ýaşyl, özi hem ýaşyl, saçlary, gözleri ýaşyl. Aýnadan daşaryk seretse, daşaram ýaşyl. Köçä çykýar, köçedäki adamlaram ýaşyl. Ine-de olaryň biri gyzyl, dym-gyzyl. Geň galyp ony saklap soraýar:
-Eý dost, daş-töwerek ýaşyl, sen bolsa gyzyl. Näme üçin?
-A-a-a-ý! Üns berme, men başga anekdotdan-laý!

***

Iwan agamyz serhoş halda, gözlerini gögerdip ýary-gije öýüne gelýär we aýnaň öňüne geçip ýüz-gözüniň ýarasyna leýkoplastyr ýelmeýär. Geçip ýatýar. Ir bilen aýaly:
-Iwan, näme sen düýn içip geldiňmi?
-Daşetsin! Heý-de men içerinmi?
-Onda nämä aýnaň ýüzüni leýkoplastyrdan doldurypsyň?

***

Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.
Meniň TMT ýaly bir zady 10 gezek gaýtalamak endigim bar.

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul6.htm
Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 131 | Добавил: Мango | Теги: mango | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 02:05, 22.09.2023
gijäň ýary okap, bir özüm güliiiip içim gyryllydeýt )))

1-njini okawa towaaaa diýdim

2-nji okap manysyzjakeni diýipgöýwerdim))

3-nji okap bu bu posta nireden düşdikä diýip ýylgyrdym)))

4-nijide ýüregimi gyjyklan ýaly jykyrdadym))

5-njide ýylgyrmadymam((

6-njyda çala ýylgyrdym))

7-njä ýylgyrdym

8-njide hindistanly ýaşyl mangolar sewäpli ýagyşyň ýaşyl ýaganda doglan anekdot bolmaly ol-a diýdim)

9 -njy çynym bilen ýylgyrdym

10 -njyda gaýtalajak boldum, ýaltam tutdy((

surat tekstdan manylykeni, duşmanlaryny görenlerinde hemmesi içine düýrlenip bilýankeniler:)))

sagboluň
avatar
0
2 Мango • 17:22, 22.09.2023
Ýaşamak – oýun ýaly zat!
Emma, oýnuň düzgünleri welin OÝUN DÄL!

– Dogrudanam bu anekdot bu ýerde näme işläp ýör-ä?
– A-a-a-ý! Üns berme, ol başga anekdotdan-laý!
avatar

uCoz