MENU

00:42
Gülki. On sekizinji onluk

GÜLKI. ON SEKIZINJI ONLUK

-Meniň size iki sany soragym bar: birinjiden-ä munuň bahasy näçe, ikinjidenem näme üçin beýle gymmat???

***

-Eje, biziň mugallymymyz maňa „matematikadan hiç zat bileňok“ diýip, gündeligime birhili san ýazdy-laý.

***

Bir ýewreý aýalyna berk tabşyryk berýär:
-Keýwany, şu gün Rabinowiçleriň dükanyndan zat satyn alaýmagyn!
-Näme üçin?
-Sebäbi, men olara terezimizi ulanmaga berdim.

***

-Agam! Bäş müň manat beräýiň-dä, men irden zat iýmedim.
-Menem iýemok…
-Beýle bolsa on müň manat beriň, ikimiz bileje iýäýeris.

***

Prezident Buşa ýazylan hat.
“Hormatly jenap Buş! Usame Bin Laden meniň gaýynenemlerde ýaşaýar. Men hem olar bilen uruş alyp barýaryn. Maňa howadan hüjüm etmek arkaly kömek bermegiňiz haýyş edýärin…”

***

Dälihanada doktor öz nasagyny gutlaýar:
-Gutlaýan! Siziň saglygyňyz gowulaşmaga başlady, bahym siz öýe bararsyňyz…
-Nämäni gutlaýaňyz? Alty aý ozal men bärik gelemde Napoleondym, häzir bolsa men – hiç kim… Öýe hiç kim bolup barmalymy?

***

Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş:
-Wah, içigaragalmyş! Ýene-de bu gije daşarda ýatmaly boljagow.

***

Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden bir bölek ýüz görülýän aýna tapýarlar.
Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna seredýär:
-Bä-ä… Özä bir tanyş ýüz.
Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar:
-Hany menem bir göreýin… Haý samsyk diýse. Bu men-ä how!

***

Gassabyň iň soňky sözi:
„Hol duran pyçagy oklap göýber!“

***

Ogly öz söýýän gyzyny ejesi bilen tanyşdyrmaga getirýär:
-Eje, bu gyz gowy maşgaladan. Ol çöregem bişirip bilýär, sygyram sagyp bilýär, her dürli naharlardanam başy çykýar, öýi arassa saklamagam başarýar...
-Orän oňat, oglym! Beýle bolsa aýyna 800 müň manat töleýän, razy bolsa ertir işe başlabersin.

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul18.htm
Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Категория: Degişmeler | Просмотров: 138 | Добавил: Мango | Теги: mango | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Medicall • 01:52, 12.11.2023
Birinji bahasyny aýtmanka gymmatdygyny nirden bilýäka))
avatar
0
2 Medicall • 01:53, 12.11.2023
:D

Bir ýewreý aýalyna berk tabşyryk berýär:
-Keýwany, şu gün Rabinowiçleriň dükanyndan zat satyn alaýmagyn!
-Näme üçin?
-Sebäbi, men olara terezimizi ulanmaga berdim.
avatar

uCoz