MENU

15:36
Gülki. Ýedinji onluk

GÜLKI. ÝEDINJI ONLUK

Eneküti daýzamyz elmydam Ependi agamyza „Seniň eliňden gelýän zat ýok, iş oňaraňok“ diýip käýinjiräp ýörermüş. Ine-de Ependi agamyz Eneküti daýzamyza diýýär:
-Seretsene hany Enekütim, jaýymyza nähili oboý ýelmäp çykdym! Ýekeje ýygyrdam ýok, hemmesi gönije!
-Tüweleme daş edipsiň! Emma, hany biziň gapymyz?

***

Ependi gaplaň awlamaga daga gidýär. Ine-de gaplaň. Ependi gaplaňdan atýar. Daş-töwerek ala-tozan. Ependi pikir edýär: -Degdimikä? Degmedimikä? Degdimikä?...
Bir salymdan tüpeňiň tüssesi aýrylýar we gaplaň Ependiniň ýeňsesinden tutýar we:
-Degmedi Ependi aga, degmedi! – diýýär.

***

Ependi ogluna käýinýär:
-Oglum, seniň ýaşyňda Napoleon öz mekdebinde iň gowy okaýan çaga bolupdyr, sen bolsa diňe ikilik almagy bilýäň.
-A seniň ýaşyňda kaka jan, Napoleon Fransiýanyň karoly bolupdyr...

***

Iki garry ýaşuly gepleşýär:
-Heý seniň çagalykda arzuw eden arzuwyň hasyl boldumy?
-Howwa-la!
-Hany aýdyp ber.
-Men kiçikäp ejem jan saçymdan çekip urardy. Menem bahymrajyk kel bolsam diýip arzuw ederdim...

***

Sudýa ogryny sorag edýär:
-Näme üçin sen onuň gapjygyny ogurlapsyň, ustesine-de ony gowy edip urupsyň?
-Gapjygynda puly ýok eken-dä how...

***

Bir sekretarka işe ýerleşmek üçin firma gelýar. Ol özi barada gürrüň berýär:
-Men minutda 1200 harp urup ýetişýän!
Her kim geň galýar. Sekretarka bolsa gürrüňini dowam edýär:
-Aý, onsaň ýazan zadymy özümem okap bilemok.

***

Iki poliseýler ýaragly banditi tutmak üçin jaýa girmeli bolýalar. Biri beýlekisine diýýär:
-Birinji sen gir dost! Eger seni olar öldüräýseler, men hökman seniň aryňy alaryn!

***

-Hyzmatkär, siziň naharhanaňyzdaky siňekler meniň ýüregime düşdi!
-Siňekleriň haýsysy ýüregiňize düşdi, hojaýyn! Men ol siňegi itden çykaraýyn!

***

Iki sany akula gepleşýär:
-Men şu akwalangistleri iýmegi halamok. Bir gezek iýdim welin, siňdirip bilmän aşgazanym agyryp gitdi. Özem reziniň yzy gelip dur.
Ikinji akula:
-Samsyk! Akwalangistleriň daşyny arassalap iýmeli ahyryn!

***

Mugallym: "-Piwo diýip nämä aýdylýar?"
Okuwçy: "-Piwo - turşadylan spirtli Coco-Colanyň bir görnüşidir, towariş mollym!"

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul7.htm
Категория: Degişmeler | Просмотров: 132 | Добавил: Мango | Теги: mango | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Garagalam • 15:37, 08.09.2023
...seniň ýaşyňda kaka jan, Napoleon Fransiýanyň karoly bolupdyr...
BET! :-)
Soňky anekdot welin o diýen däl eken.
avatar

uCoz