MENU

16:50
“Gülmekden gorkýaryn aglaryn öýdüp...”

Ýapraklar üşeýär, nebsim agyrýar...
Paltomy çykaryp berjek olara.
Meni göge sary ýagyş çagyrýar,
Gitsem, mümkinlik ýok gaýdyp gelere.

Derýa joşýar, goşgy goşýar şahyram,
Kenaryna özün urup meýletin.
Agşamlar ir bilen ýatyp, ahyryn
Men özümi dertden halas eýledim.

Jaýryk-jaýryk kalbym meňzeýär çöle,
Arzuw puç bolansoň hyýallam göýdük.
Halymy geňlemäň, ýylgyrsam çala,
Gülmekden gorkýaryn aglaryn öýdüp.

31.10.2023ý.

© Uzuk NOWRUZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 160 | Добавил: Pegas | Теги: Uzuk Nowruzowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 09:51, 02.11.2023
Derýa joşýar, goşgy goşýar şahyram,
Kenaryna özün urup meýletin.

kenara meýletin özün urýan kim ýa-da näme?
derýamy ýa şahyr?

---
Agşamlar ir bilen ýatyp, ahyryn
Men özümi dertden halas eýledim.

1) agşam ukusyzlykdan ýatyp bilmän, ertir ir bilen uka gitmek.
2) agşam düşdügi irgözinden uklamak.

"agşamlar ir bilen ýatyp" diýlende haýsy manyda düşünmeli. "agşamlar irgözin ýatmagyň" gürrüňi bolsa onda "ahyryn" diýmek ters ýaly. "ahyryn" sözünde ýatyp bilmezlik bar. ýatyp bilmeýän bolsa onda, "irgözin ýatmak" ters gelýä...
"agşam", "ir bilen", "ahyryn".... şularyň "nikasyny täzeden gyýmaly" ýaly...
avatar

uCoz