MENU

23:10
Gulpakly gyzym


GULPAKLY GYZYM

Gaty görse dodak çöwir,
Saýrar, öýi ýaza öwir,
Islese hamyram ýugy:r
Gulpakly gyzym.

Elleri petir çörekli,
Şeýlesi öýe gerekli,
Kindiwan gyzgyn ýürekli,
Gursakly gyzym.

Juda şirin, gülgün dünýä,
Ol gülse ähli zat gülýä,
Eşdilmedik hüwdi bilýä
Gurjakly gyzym.

Göýä gant deý ak ýaňakly,
Bir-de hoş, bir-de gazaply,
«Iki günde iki aýakly»,
Gulpakly gyzym.

© Kerimberdi HAKBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 208 | Добавил: kysmat | Теги: Kerimberdi Hakberdiýew | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 medi • 07:56, 11.02.2024
Surat gowy. Suratdaky çagaň ýaşy, çagaň iň gowy wagty. Bezeýän ýüzüniň kiri.
avatar
0
2 LegLek • 08:40, 11.02.2024
Kerimberdiň öz gyzy öýdýän suratdaky, meňzäpjik dur :)
avatar
0
3 Lacrymosa • 12:48, 17.02.2024
Kerimberdi --- kaka-şahyr. Ýoksa-da şahyr-kaka.... Öňem bir goşgusyny okap, gaty halapdym-aý, ogly hakdady. gaty täsirlidi. Şu şahyr ogluna-gyzyna ýüzlenip ýazanda, beýleki goşgularyndan has duýgabaý (duýgabaý diýdim weli alabaý diýen ýaly eşidild-ow) çykýan ýaly. Şu ugra ýöriteleşsene sen. Goý, ýyllar soňy okujylar seniň döredijiligiň bilen tanşanlarynda ogul-gyz şirinligine, ataly-gyz, ataly-ogul mähribanlygyna, maşgala syjaklygyna gowuşsynlar. Ömrüň uzak bolsun, inijik!
ýoksa-da gulpakly, gursakly, gurjakly ... gowy bolupdyr. köpeltsene şuny. gutardy--gynandym
avatar

uCoz