MENU

14:22
Gün

GÜN

Güneş al-Asmandan ymtylýar ýere,
Çäksiz söýgüsini ýitiren aşyk.
Mähriniñ ýylysyn Zemine berip,
Ýaşap ýör asmanda asyrlar aşyp.

Buzluga öwrülip giden zeminde,
Tümlük höküm sürýän wagty bir zaman,
Söýüpdir bir gyzy jany-teninden,
Emma bar söýgüsi puç boldy, arman.

Zalym tümlik gizlänmişin bir ýerde,
Buzlukmy, daglykmy, ýeriñ astynda...
Ýigit bolsa uçrap yşk diýen derde,
Ot bolupdyr, tutaşypdyr asmanda...

Şondan bäri gözlegi gyz bolanmyş,
Mähri bilen ýere ýyly berenmiş...

© Remezan MÄMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Gerceknazar • 14:32, 16.04.2023
Duýdansyz gutaran ýaly meniň pikirimçe .
avatar
0
2 Kyyas • 14:45, 16.04.2023
Hawa, özüm şeýle etjek boldum. Ýöne has kemter boldy.
avatar
0
3 Nurdаn • 14:53, 16.04.2023
Posty açañyzda ýalñyşsyz açmaga endik edinseñiz saýtyñ düzgünine hormatuñyz bolardy. Öñden bäri goýýañyz, emma hiç düzgüne, talaba görä öwrenip goýjak bolañzok. Talaplary dogry berjaý etjek boluñ! Beýle bir kyn zadam däl şolar, posty açyp otyrkañ etmeli zatlaryñyz bary. Ünsli bolsañyz bizem dogyrlajak bolup iki işli bolmazdyk! Bu adminden size talap hem haýyş!
Üstünlikler!
avatar
0
4 Kyyas • 15:19, 16.04.2023
Awtory baş harplar bilen ýazmalymy? Men üns bermändim, dogurdanam şeýle hemme postlar. Bagyşlarsyñyz! Indikide düzederin.
avatar
0
5 Nurdаn • 15:31, 16.04.2023
Ünsli yzarlasañyz düşünersiñiz, sagboluñ!
avatar

uCoz