MENU

10:44
Kalbyma güýz çöküpdir

KALBYMA GÜÝZ ÇÖKÜPDIR...

Sary çyrpysy hatly, başdan aýagy pynhan,
Kalby hakdan halatly, halal töri desterhan,
Seni synladygymça, dolýar göwnüme güman,
Gözleňden sowal okap, ýene jogap agtarýan,
Hem özümden soraýan, sen ynsanmy-ol ynsan?
Sary meňiz, sary Güýz, ýa-ha, sen maňa meňzeş,
Ýa men saňa meňzeýän!

Güýzde jemler jemlenip, güýzde hasap soralýar,
Hyjuwlar ýazda galyp, güýzde toýlar toýlanýar,
Göçüp gitse durnalar, köne ýaram gozgalýar,
“Dönmezmi biziň sary, uzaklarda galan ýar”,
Umyt gory sozulyp, şeýdip, az-kem garralýar.
Kä alçak, kä agras Güýz, käte sen maňa meňzeş,
Kä, men saňa meňzeýän!

Köne kadasy bilen aýlanyp dur, bu heňňam,
Her owazy bir mukam, her jümlesi bir dessan,
Käte günüň umytly, kä günüňde darygýaň,
Ýene gelýär kanagat, depäm arşa direýär,
Öz-özünden berçigen göwnüm, kem-kem giňeýär,
Şeýdip, sarpaly Güýzüm, sen-ä maňa garylýaň -
Menem barha saralýan!...

© Maral ANNANUROWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Medicall | Теги: Maral Annanurowa | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 4
avatar
1
1 Seýrаn • 19:23, 23.08.2023
Berekella! Gowy ýazýan eken bu awtor. Detallandyryp otursam-da bolardy. Wagt köp gider, depseň deprenmez goşgy bolupdyr.
avatar
0
2 Medicall • 23:32, 23.08.2023
"Günleñ birinde" goşgysyny beter gowy göremsoñ öñem paýlaşypdyryn, şu mahal görüp üytgetdim, aýyplaşmaweriñ))

Günleñ birinde - 21 Декабря 2022 - EDEBIÝAT KAFESI
https://edebiyat.clan.su/news/gunlen_birinde/2022-12-21-294
avatar
0
3 Pero • 08:11, 24.08.2023
Pikirimçe,
Ýaz-çagalyk
Tomus-gaýnap joṣulýan ýaṣlyk
Güýz-kämillik
Gyṣ-garrylyk
Diýmek,awtor kämillik ýaṣyndaky özüni güýze meñzedýär. Gowja goṣgy. Onsoñam,Maral Annanurowanyñ goṣgy düzýänini bilemokdym. Ýetireniñe sagbol,aýaldogan!
avatar
0
4 Мango • 13:04, 24.08.2023
Şeýdip, sarpaly Güýzüm, sen-ä maňa garylýaň -
Menem barha saralýan!...

OWADAN!
avatar

uCoz