MENU

16:25
«Gurap barýanyny sabyr bagymyň...»

***

Gurap barýanyny sabyr bagymyň,
Gözlegden birmahal ara açanmy,
Gapylarymyň ählisini gulplap,
Ýitirenmi açarny
Nädip bildiň?!
Haýsy ýoldan tapdyň meniň yzymy,
Neçüýn geldiň, ýoluň ýalnyna çydap?!
A men bolsa, mertligiňe çydaman
durun sandyrap.
Okabam bilemok özüme nälet,
Okap oturaňsoň gözümden meni...
Şu hala çen meni aklan pikirler –
Dymyp,
dyrmalap otyr zemini.

Men dälini aňlamaklyk mümkin däl,
Melhem bolup, gelen bagtyň öňünde
Aglamazlyk mümkin däl.

© Gurbanmyrat MEREDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 164 | Добавил: sussupessimist | Теги: Gurbanmyrat Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 sussupessimist • 16:31, 21.12.2023
pikirleriniň dymyp, yeri dyrmalap oturşy gowy eken.
Umumanam gowy goşgy. Optimistik soňlama
avatar
1
2 Küle • 16:36, 21.12.2023
Gurbanmyradyň köp eseriniň boluşy ýaly täsirli.
avatar
1
3 Мango • 18:00, 21.12.2023
goşgyň başynda depression hereketler bar.
soňunda özi diagnozy goýýar.

Men dälini aňlamaklyk mümkin däl,
Melhem bolup, gelen bagtyň öňünde
Aglamazlyk mümkin däl.

däliniň aglamagy gowulyk.
açylyşyp başladygy.

täsin goşgy.
avatar
1
4 Seýrаn • 18:22, 21.12.2023
Gowy setirler bar eken icinde. Awtor gowy yazyar, berekella.
avatar
1
5 Lacrymosa • 07:13, 22.12.2023
Gurbanmyrat talypka ,,Nesile" köp çykýady, soňky ýyllar-a görnenok ýa Gurbanmyratly ,,Nesili" men göremok ýa-da Gurbanmyrat ,,Nesilde" görnenok. Ýazybilýän oglan, galamdaş. Maksadyň saýasynda birnäçe goşgularyňy okadyk, sagja bolsun. Ýazyp duruň, ýetirip duruň, hormatly boldumsazzyllar!.
avatar

uCoz