MENU

20:07
Gurjak - hekaýa
Exclusive

GURJAK

Mundan birnäçe ýyl öñ burnuma ganyñ ysy urandan,
Bedenim çygylyp gusany ýadyma düşdi.
Bu günem öwrenişen ysymyñ siñip giden eller başymy sypap, gan syrygan döşiñ ýumşak ujunda ýañagymy degirip, bagryna basyp, gurjagyny oýnadýan çaga ýaly iki ýan elewreýän keýwanymyñ begenşini görseñ...
Men henizem, bedenimiñ çygylyp durşyny görýän.
Haçanlygy ýadyma düşenok. Goýun soýmaly bolanda meniñ emelsizligimiñ üstüni örten aýalym, gör nähili abraýa göteripdi. Dogry-da walla, goýun güýlip bilmän, elimiñ sandyraýşyny ýada salsam, şu wagtam öçügsi gözümde utanç renki görünýan ýaly...
Ýeri güýlende näme? Gassap pyçagy elimde oýnamaly men halyma, aýalym garbap aldy-da, hykyrt edip, goýunyñ damagyny çaldy. Şol gün ilkinji gezek sadaka paýlap, Gelnim tarapyndan, Abraýa eýe bolan meniñ, Gelnimiñ paýlan , "Hamtalaşyna" hondansy bolşum! Maña nä? Daşym doly gyzyl gül, gyzyl el. Her kes meni görüp bilenok. He-he, "Mesligi goýun götär, goýunuñam garasy...." Garrysy diýesim gelmedi, men garramok entäk. Meniñ gepim edýän kändirem welin... Görübilmedigiñ gözi çyksyn.
Gapymda maña el uzadyp menden haraý isleýän nätanyş mekir ýylgyryş edýän. Ýakymly dostlarym gaty kän. Wezipelije, pulluja dostlaryn bolsa demiñ daş ýarýarda. Munseñ aýagymyñ aşagynda uçup duran iñ gowy halan awtoulagym, jübim hemişe pully.
Gelnime öýlenenimden bäri nähili bagty çüwen boldum.
Her ýyl bir ýurtdan çykýan... Gezelenç etmek kime başardýar.
Eddil şu gün daşary ýurtdan gelşimdi. Ilkinji toý eden günüm ýatlandyrýan frazalar peýda boldy.
Meniñ el-aýagym güýlüngi, şol gan siñip eline ornaşan tanyş el. Damagymyñ namys damary awunyp gitdi, soñ näme bolanyny bilemok gözlerimde öçügsi sudurlar. Bedenimiñ çygylyp gan gusuşyny görenimde ýüzüme syçyran ganyñ tegmilinden soñ meniñ başym basketbol topy ýaly aýalymyñ elinde pyrlanyp durdy.

© Remezan MÄMETGURBANOW
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 131 | Добавил: Medicall | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 2.8/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 11:52, 25.07.2024
Bedenim çygylyp gusany ýadyma düşdi.

gusjak bolsaň - ögemeli.
syrtyňa zor salaňda (içiň gatan bolsa) - çygylmaly 
garaz... beden hem çygylsa hem gussa gaty erbet bolaýmasa...
avatar
0
2 Мango • 12:11, 25.07.2024
Gapymda maña el uzadyp menden haraý isleýän nätanyş mekir ýylgyryş edýän.

"ýylgyryş edýän ("ýylgyrýan" dýilse bolanokmy-ka?), ýylgyryş edýän kim? nätanyş kişimi ýa-da özi? "edýän"-mi ýa "edýär"?

sözlemler ýamman birtüslije...

"...Ilkinji toý eden günüm ýatlandyrýan frazalar peýda boldy..."

"ýatlandyrýan" - ? bilmän şeýle sözler ulanýaňyzmy, ýa bilip bilgeşleýin şeýle sözler tapýaňyzmy?...
osoňam "ilkinji toý eden gün" diýlende kellä geldi: soňam toý etdiňizmi, ýagny ikinji toýam edildimi? ýo bolsa "ilkinji" diýmek nämä gerek?

----
heleýiniň arkasyndan adam bolan adam baradamy?

eksperimentleriň çün 2 ýyzzyl  Remezan.
avatar

uCoz