MENU

10:37
Guşjagazym
GUŞJAGAZYM

Guşjagazym,
Beýdip, çynyň bilen saýramasana,
Kapasaňa urmasana özüňi.
Ganatlaň gyrylar, sesiň gyrylar,
Nämä gerek, netijesiz jan çekmek?!
Ýetimjesiň, ýekejesiň,
Sanjy etjek ýok seni...

Bes edäý-dä?!
Sen kapasaň
Ummanlaryň, dumanlaryň, tupanlaryň içinde,
Tolkunlaryň, gaý-gomlaryň içinde,
Ataşlaryň, alawlaryň içinde
Duranyna ynanaý,
ynanaý-da, guşjagaz!
Sen özüňi kerleň ýurdunda diýip, ynandyr-aý, guşjagaz!
Gynandyrmaý, guşjagaz!

Bu gowurda,
Bu zyr-zöwran adamlaryň içinden,
Sesiň eşitjek ýok!
Diňlejek ýok, aýak çekjek ýok!
Nähili gowy!
Şolam bir gowy!
Şolam bir ýalkawy, Arşy-aglanyň!
Ýogsa,
Seň sesiňe sägineniň, mähelleden saýlananyň,
Kellesine näme pikir geljegi belli däl....
...Şonuň üçin:
Görme-de, görünme-de,
Saýrama-da, gaýma-da,
Köşeş hem aýnama-da
ÝAŞA!
Üstüňe ýaglyk ataýyn,
Bagyşla!!!

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 149 | Добавил: Medicall | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.8/4
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 17:30, 08.07.2023
durşy bilen simwolizm.
bu taýdaky çyny bilen saýraýan, kapasa urunýan guş däl...
aý, hawa "Sesiň eşitjek ýok!".

...Şonuň üçin:
Görme-de, görünme-de,
Saýrama-da, gaýma-da,
Köşeş hem aýnama-da
ÝAŞA!
Üstüňe ýaglyk ataýyn,
Bagyşla!!!
---
ört üstümi ýaglyk bilen,
görmäýinem,
diýmäýinem,
ýanmaýynam.
köşeşdim.
ýaşaýyn.
bagyşladym.
ah, laçyn, laçyn.
avatar
0
2 aygull • 02:34, 09.07.2023
Günüň öňüni eliň bilen ýapyp bolmaz.
avatar

uCoz