MENU

22:08
Gussadan dörän goşgular
GUSSADAN DÖRÄN GOŞGULAR

Durmuş - meniň antonimim.
Men ,,A" diýsem, ol ,,Be" diýýär.
Men ,,Eý" diýsem, ol ,,Beý" diýýär.
Men ,,Gel" diýsem, ol ,,Git" diýýär.
Men ,,Bar" diýsem, ol ,,Ýok" diýýär...

...Dost-ýarly ýalňyza dönüp,
Galdym elenip-elewräp.
Ýa, Ýaradan, eziz Allam,
Başart durmagy sabr eýläp!

Ýollar gapma-garşy käte,
Aljak elýetmez erkiňi.
Kä günler - çaýkalýan käse
Haýyrlysydyr belki bu...

MAŇA DÜŞÜNÝÄN GEREK

Köňül derdiňi sözle,
Ýaşsyz aglara derek.
Galam-kagyzdan özge,
Maňa düşünýän gerek!

Ýapyk ömrüň şaýoly,
Ne etsem bolmuş telek.
Gaýga ýüz bermez ýaly,
Maňa düşünýän gerek!

Şatlyk bilen daş ara,
Ykbal oýnuna seret.
Özüm bolup ýaşara,
Maňa düşünýän gerek!

2.04.2023
Категория: Goşgular | Просмотров: 179 | Добавил: Sakçy | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Saryýew • 23:06, 11.06.2023
Sakçyýewe ýatlatjak ýekeje zadym: Ir-giç goşguda ýazylan zatlar başyňa gelýändir. Meger, gussa hakynda azrak ýazarsyň hä?! Uzagyndan her ki zadyň gowy boljakdygyna ynanybam goşgy ýazyp bolara. Ýüregiňde ertire bolan ak umyt bar bolsa-ha, ol hökman-hökman goşga-da geçäýmeli...
Bu meň pikirjigim.
avatar
0
2 Sakçy • 01:24, 12.06.2023
Dogry aýdýaňyz, bu hakynda goşgyny paýlaşmankamam pikir etdim. Ýöne näbileýin, käteler ýönekeýje gussalara höwrügip, ýazylaýýar şeýle goşgularam. Ýogsa, Hudaýa şükür, durmuşymda agyr gaýga batar ýaly sebäbem ýok. Indikilerimde, enşalla, hökman göz öňünde tutaryn.
avatar
1
3 Pero • 08:09, 15.06.2023
Inṣalla!
avatar
1
4 Pero • 08:10, 15.06.2023
Durmuş - meniň antonimim.
Men ,,A" diýsem, ol ,,Be" diýýär.
Men ,,Eý" diýsem, ol ,,Beý" diýýär.
Men ,,Gel" diýsem, ol ,,Git" diýýär.
Men ,,Bar" diýsem, ol ,,Ýok" diýýär...
Durmuṣ ṣeý diýse-de
"Haýyrlysydyr belki bu..."diÿip juda dogry pikir edýäñ Nury!
avatar

uCoz