MENU

22:34
"Gutardy" diýersiň...

"GUTARDY" DIÝERSIŇ...

"Gutardy" diýersiň, gutarmaz ýöne,
Aýralyk kalbyňy pycaklar durar.
Gündizler ham hyýal ünsüňi sowsa,
Gije kec ýalňyzlyk gujaklar durar.

Ne öli,ne diri bi güman halda,
Göwüniň gönüni eýlär ýörersiň.
Ruhyň-a ýaradar,pikirleň agsak,
Maýyp ykbalyny süýrär ýörersiň.

Kemteriň nä?
bir ýyly söz,ýa mähir,
Barabardyr tapylgysyz hazyna.
Ýöne ähli barlygyňdan aýrylan,
Meňzeýänsiň bir pukara,garyba.

Sebäp köňül şalygyňy terk edip,
Yşgyň kepderisi ucup gidendir.
Söýmejek,söýülmejek ýaly hic wagt,
Seni ýalnyzlyga bendi edendir.

Şamcyragyň elden alynan ýaly,
Dönensiň alacsyz düňle bir köre.
Aýralyk kalbyňy pycaklar durar,
"Gutardy" diýersiň,gutarmaz ýöne...

25.10.23ý

© Şagül DOWADOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 99 | Добавил: YalňyzDurna5274 | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 aygull • 12:37, 22.02.2024
Täze awtormyka? Gowy gördüm. Ýasamalyk ýok eken. Ahwaly geçirip bilşinden geçiripdir goşga. Käbir bogun san diýen ýaly göze dürtülip duran säwlikler bar welin, gözi ýaşdan ümezläp duransoň ony görenem däldir diýdim.
Ýasamalykdan daş bolsañ mundan beýlägem, galany düzedip bolýan zatlar. Üstünlik.
avatar
0
2 garagar • 13:26, 22.02.2024
bäsleşige hödürlenmeli eser eken
avatar
0
3 Medicall • 13:58, 22.02.2024
bäsleşige ugratdy muny, ýöne öň gazetlarda çykan iken, şondan bärde goýaýyň diýdim.

menem gowy gördüm
avatar

uCoz