MENU

09:45
Gutarylmadyk goşgularym

GUTARYLMADYK GOŞGULARYM

Ine, bu goşgymda ejem pahyr bar,
Bu goşguda bolsa, galam gaşly gyz.
Elim degen çagy elime alýan,
Şol hem bular bilen salamlaşdygym.

Bu ýerde şapagyň altyn şöhlesi,
Ýowşan ysly ýaýla düşýär endigan.
Bärde bolsa bir gül – azatlyk küýsän,
Porsy ýerzeminde otyr bendiwan.

Ony erkinlige çykarmalydym,
Ýerzemini sowuk, çygly hem zeýli.
Emma, maňa päsgel berdi hemişe,
Has ajaýyp zatlar döretmek meýli.

Wah, ejeler ýagdaýyňa düşünýär,
Senem düşünjek bol, galam gaşly gyz.
Meni örteýän zat, bu goşgularyň
Bir maýyp görgülä çalymdaşlygy.

© Çary ÝEGENMYRADOW

Çeşme: https://kitaphana.net/book/632/read
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Мango | Теги: Çary Ýegenmyradow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medicall • 15:34, 10.03.2023
Çary Aganyň duýguly, agrasdan akgynly okalýan, hiç kimiňkä meňzemeýän (ylalaşman bilersiňiz, emma meň ýüregime şeýle gelýär eserleri) döredijilik mirasy bar türkmen edebiýatyna.

Bu gün doglan güni eken, ruhy şat bolsun!
avatar

uCoz