MENU

00:34
Guw aýdymy

GUW AÝDYMY

Il arasynda: ”Guwlar ölmeziniñ öñüsyrasynda
aýdym aýdýarmyş” diýen düşünje bar.


Guwlar aýdym aýtmaz,
Guw aýdym aýtmaz.
Guw beýle gowgaýa
Başyny gatmaz.

Guwlaryñ dünýäsi –
Ýuwaş, asuda.
Guwlar saz gämisi –
Asuda suwda.

Kölüñ tolkunmasy –
Guw tolgunmasy,
Göýä ýaşyp barýan
Şapak şöhlesi.

Guwlar aýdym aýtmaz,
Guw aýdym aýtmaz.
Guw beýle gowgaýa
Başyny gatmaz.

Guwlar sessiz ýaşar,
Adaja ýaşar.
Guwlaryñ guw ömri
Şapaklap ýaşar.

Indi ýaşmalymy,
Guwlaryñ ömri,
Gozganar guwlaryñ
Agyr kükregi.

Guwlaryñ başyna
Soñky gün geler.
Öwrüler şapaga
Kümüşsow günler.

Ugradar ömrüni
Guwlar aýdymly.
Al şapak hakynda
Aýdym aýdyldy.

Ýaşýan al şapaga
Ganatlar galgar:
”Hoş gal, mylaýym köl!
Eý ömrüm, hoş gal!”

Guwlaryñ aýdymy –
Gussadan doly.
Käte meñ sesim dek
Hem howsalaly...

Guw aýdymy guwuñ
Ömrün paýawlar.
Aýdym ajal bolup
Guwlary awlar.

Guwlar aýdym aýdar,
Ýok, aýdym aýtmaz.
Guw beýle gowgaýa
Başyny gatmaz.

© Bapba GÖKLEŇ
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: sussupessimist | Теги: Bapba GÖKLEŇ | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz