MENU

23:16
Güýçlidirin öýtdiñ...

Ýo bolýa-la gülýän bolsañ,
Ýylgyrýan bolsañ,
Mundan başga näme gerek,
Bagt barmy şondan başga,
Söýüp başda, menden daşda,
Hoşlanýan bolsañ.

Ine men-ä şor topraga,
Nahal ekýän yzyn üzmän,
Göwnümdäki göwünlere,
Monjuk ýaly umyt düzýän.

Ýaz geldi, geçibem barýar,
Güýze garaşmaz solmagym,
Men juda gynanýan Dünýäm,
Bagtyña sebäp bolmadym,
Belki bolmaryn...

Dymdym, güýçlidirin öýtdiñ,
Geplesem dünýäñ doñjakdy,
Bir sözem artyk boljakdy,
Ýa-da,
Kem boljakdy...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 148 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 sussupessimist • 09:29, 25.04.2024
Baýram Bejidowyň döredijiliginde birneme ösüş duýulýar, tüweleme.
Bellikler: Hoşlanýan sözi zaýalaýar. Başgaçarak alynsa gowy bordy şo setiri. Nähili edip boljagyny bilemok, ýöne nestandartny bir zat gerek.

Dünýäm sözi suwjuk ýaňlanýar hemem okyjy bilen kontakty ýitirdýär.

Bagtyña sebäp bolmadym,
Belki bolmaryn...

şu "belki" sözünde (meň bilşimçe) umyt öwüşgüni bar, şeýle bolaýsady hernä, käşgä diýen manyda.
Bolar ýa bolmaz, bellisi ýok diýen neýtral manyda ahmal, ähtimal, meger, mümkin... ýaly sözleri ulanyp bolar.
avatar
0
2 sussupessimist • 12:47, 25.04.2024
ýöne eýýäm adynda ýalňyş bar, goşgyň içinde-de şol adyndaky ýerinde. öýtdüň bolmaly
avatar
0
3 Mekan2 • 14:43, 25.04.2024
güýçliüdirin
avatar
0
4 aygull • 18:37, 25.04.2024
Şol ösūşi menem duýýan-aý...
avatar

uCoz