MENU

00:36
GÜÝZDEN GARAŞMANDYM...

GÜÝZDEN GARAŞMANDYM...

Güýzden garaşmandym beýle zada men,
Öňler güýz gelende dymar ýörerdim.
Meňzäp, uly köwüş geýen adama,
Dünýä ap-arkaýyn sygar ýörerdim.

Tänen ýaprak, durna, sary töwerek...
Men bulara diňe bakyp geçerdim.
Gorkuberýän,
suwun içmäge derek,
Men näçe derýany akyp geçirdim?!

Näme üçin maňa täsir etmedi,
Ýaşyl ýapraklaryň saralmaklary?
Bu güýz, hakyt, duýgularmyň pitnesi,
Hem aklymdan gaňryp ar almaklary.

Öň meni ezmedik güýzüň ýagyşy,
Indi ýüregimi ezse gerekdir.
Güýz — kämil,
A mende kämillik ýaşy,
Bu güýz ýazanyma degse gerekdir.

Günüme goýanok güýzki tebilim,
Pikirler daşyma üýşýär, sere däl.
Birden hassaň tapyşy deý tebibin,
Jogap tapdym,
Jogaba bir sered-ä!
Ýaşasyn, «Güýz — ene» diýen Ezizow!
Menem ene-dä...

© Aýgül GARAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: aygull | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/7
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 21:45, 26.08.2023
Meňzäp, uly köwüş geýen adama,
Dünýä ap-arkaýyn sygar ýörerdim.

Gyzykly.
“hajyň balagy ýaly giň bol” diýilýär-ä… şo ýada düşdi, :-) ýöne “uly köwüş, giň köwüş geýen ýaly dünýä sygmak” - bu original deňeşdirme bolupdyr. Haladym.
—-
Jogaba bir sered-ä!

Ýaşlaň žargon sözlerini ýatladyp gitdi - “seredäý-däääää!” - diýen ýaly. :-)
Gowy goşgy. Üstünlikler Aýgül hanym.
avatar

uCoz