MENU

23:20
Güýze!

GÜÝZE!

Oda-köze düşüp, darygyp ýörmän,
Ondan giň bolmagy öwrenip bolar.
Gülüp bolmaz, aglap bolmaz ýalandan,
Güýzde òňküňden has özgerip bolar.

Bir gün başyň agrar, bir gün ýüregiň...
Isleseň, baryna döz gelip bolar.
Halyna gyýylyp sary ýapraklaň,
Güýzde öňküňden has özgerip bolar.

Men indi hiç mahal gaýdyp aglaman!
Muny ynam bilen söz berip bolar.
Hoş söze garaşman mähirsizlerden,
Güýzde öňküňden has özgerip bolar.

Ownuk aladalar, ýakymsyz sözler...
Bir gün ählisinden bez bolup bolar.
Ýüregiňde dörän puşmanlaň bilen,
Güýzde öňküňden has özgerip bolar.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz