MENU

00:49
"Güýzüm, saña meñzeş bir gyz..."

"GÜÝZÜM,SAŇA MEŇZEŞ BIR GYZ"

Güýzüm, saňa meňzeş bir gyz,
Biraz gamgyn, biraz ýalňyz,
Ilden-günden alyp salgy
Çaýlaşmaga gelmezmikä?

Allanyň arzuwna des-deň,
Destinde dogaly depder,
Iň bolman bir gün, bir hepde,
Aýlaşmaga gelmezmikä?

Buz örtüp, gyşlap köňlümi
Ýazlaşmaga gelmezmikä?
Meň özüme öz göwnümi
Aldaşmaga gelmezmikä?

Aýralygyň nyşanasyn
Ursa, otursa ýanaşyk,
Gam ýyldyzlaryn sanaşyp,
Paýlaşmaga gelmezmikä?

Yşk goýnunda irkilmäge,
Henek atyşyp, gülmäge,
Meň bilen söhbet kylmaga,
Bo:ýlaşmaga gelmezmikä?

«Bar alajy her zadyňam» –
Diýip, eşdip perýadymy,
Gamyň, derdiň derýasyny
Boýlaşmaga gelmezmikä?

Ret edip däp-dessury,
Özünden bilip mejbury,
Çölden idäp men Mejnuny,
Azaşmana gelmezmikä?

Ýaman gözden bolup ägä,
Ýalan sözden bolup ägä,
Bu derdimi egsigmäge,
Aglaşmaga gelmezmikä?

© Gurbandurdy ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 12:50, 25.09.2023
Allanyň arzuwna des-deň,
Destinde dogaly depder...

Allanyň arzuwy - nähili bolýaka bu düşünje?

***

"gelmezmikä" diýip garaşýany wasp edişine görä bir gamgyn, pessimist.... gyz bolmaly.
hawa, ol gelse "Gam ýyldyzlaryn sanaşyp" biler, "Gamyň, derdiň derýasyny boýlaşyp" biler, "aglaşyp derdiňi egsişip" biler... emma "Bar alajy her zadyňam" diýip bilermikä.... pessimistler alajyny salgy berip bilermikä?

gussasy köpje goşgy bolupdyr.
avatar
0
2 Medicall • 14:15, 25.09.2023
aýtma-da şony, diňe gussalyja ýaşajaklar bolmaly-da))
avatar

uCoz