MENU

08:25
Gyş
GYŞ

Zemin gyz gelinlik lybasyn geýip,
Oýanypdyr ukusyndan ak daňlar.
Ýer bilen asmanyň nikasyn gyýyp,
Adamlar gyş bagşyň aýdymyn diňlär.

Ýaňy doglan çaga deýin ýalaňaç
Agaçlar gar arlygyna dolanar.
Ak arzuwlar bilen sanap sanawaç,
Ýatlamalar çagalygma dolanar.

Gar adam ýasapdyk ýadyňda bolsa,
Sen bezzat oň käşir burnun iýipsiň.
Men şonda öýkeläp:”Şu günden şeýläk,
Seniň bilen oýnajak däl” diýipdim.

Bu şeýle-de boldy,biz şondan soňra
Oýnamadyk ak gar ýa gizlenpeçek.
Sen ileri gitdiň,men bolsa gaýra
Çagalygam gitdi deňimden geçip.

Ýyllar soňra ajaýyp bir gyş güni,
Sen ak atly şazada deý sataşdyň.
Zemin bile toýuň lybasyn geýip,
Biz söýgide ýalyn bolup tutaşdyk.

Her gezek gelinlik lybasyn geýnen,
Dünýä bilen çagalyga dolanýas.
Gyş gelse, begenýän hem tukatlanýan
Ah,her gyşda ýene bir ýaş ulalýas.

© Meñli Aşyrowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Kyyas • 21:15, 19.12.2023
Şol goparyp iýen käşirini burnundan getirmeseñ bolýa:))
Ajap goşgy
avatar
0
2 Мango • 16:07, 20.12.2023
Gar adam ýasapdyk ýadyňda bolsa,
Sen bezzat oň käşir burnun iýipsiň.
Men şonda öýkeläp:”Şu günden şeýläk,
Seniň bilen oýnajak däl” diýipdim.

"...iýipDIŇ" bolmalymyka?
(iýipdiň-diýipdiň)

"Ýer bilen asmanyň nikasyn gyýyp..."
ýatlatdy: "Kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy."

Gyş gelse, begenýän hem tukatlanýan
Ah, her gyşda ýene bir ýaş ulalýas.

tersine, adamlar doglan güni gynanman begenýäler.
belki sowgatlaryna begenýändirler.
aslynda-ha gynanmaly, has dogrusy Meňli hanymyň aýdyşy ýaly tukatlanmaly...
avatar
0
3 Pero • 16:29, 20.12.2023
Mango kaka,"iýipsiñ" bolanda men görmänkäm iýip gidipsiñ manyny berýädä. "Iýipdiñ" bolanda görüp durkam iýdiñ diýen ýalyrak bolýa. Şoñ üçiribem,1-nji görnüşde galybersin:)))
avatar

uCoz