MENU

18:21
Gyş etýudy

Gyş etýudy
Gar-ýagyş
Süllümmaý bar ýerler batga,
zowally gülleri gyrkylan zemin.
Arly gyş gülgün maý, bägüller hakda,
Hyýallara dönüp irkiler zemin.

Asman hassaň gözleri dek bulanyk,
towlanyp, eglenip dönmez guwlaram.
Dessan, kyssaň sözleri dek elenip,
saýlanyp, köwlenip inmez suwlaram.

Gyşyň gary ap-ak guwlara derek,
Agşam böri wah-wah uwlasa gerek.

Sylapberdi MUHAMOW,
08.12.2023 ý.Daşoguz.
Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Sylapberdi | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 21:13, 09.12.2023
tüýs etýud bolupdyr.
surat çekilen ýaly.

birinji kupletde - "zemin"
ikinjide - "asman"
soňam, wah-wah - uwlaýan böri.
---
täzeje eken goşgy.
aşagyndaky "daşoguz" sözi goşgydaky sowugy hasam ýiteldýär.
daşoguz sowugy.
okadyp duruň.
avatar
0
2 Sylapberdi • 23:24, 09.12.2023
Howwa şu gün Türkmen owazyndan 5 welayatyN prognoz pogadasynyy görüñ fuyu wuuu fantom azar gurşap alar onki süññünizi enşalla
avatar

uCoz