MENU

21:52
Gyş goşgusy
GYŞ GOŞGUSY

Ýagty bolýar garly gije,
Ýeňen çagy ak garany.
Garlar päklik bu zemine,
Dünýä gar bolup garaly.

Özi sowuk, kalby ýyly
Dana hem dogumly gyşym,
Ýylgyryp gar ýagan ýyly,
Men täzeden dogulmyşam.

Günler kyrk tüýsli bolsa-da,
Däldir bu dünýä geň gylyk.
Seleň, senem sähralarym,
Misli unly ak kendirik.

Daglaň gary ýaldyraplar,
Baglara lak atar sowuk.
Doňsa-da,bu ýollar,ýaplar
Galmasyn ýürekler doňup.

Sowuk diýmäň bu garlara,
Aýazyň ýylysyn duýuň.
Ýyly:ň gadryn bilmek üçin,
Käte biraz üşäp duruň.

Galkynyp gar ýagan çagy,
Gaýgym ýalňyz, şatlyk goşa.
Möwjäp duýgyň ýanardagy,
Ýürek şygra sesin goşar.

...Bu günler töwerek-daşa
Aklyk, aýdyňlyk ýörelge.
Şirin şygyr bolup gyşda,
Ýyljak gar ýagar ýüregme.

Nury SAKÇYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Sakçy | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
2
1 Sakçy • 21:56, 31.12.2022
Bu günler gar ýagmasa-da, akja gary gowy görýänler üçin...
avatar
0
2 Aksary • 16:08, 01.01.2023
Oñat goşgy.
avatar
0
3 Pero • 10:47, 04.01.2023
Ýene bir gowja öýjagaz! Goşgam ajaýyp. Nurynyñ başga goşgularynam okamak isleýän paýlaşsa
avatar

uCoz