MENU

15:01
Gysga jogaplar...

GYSGA JOGAPLAR

Awçularyñ elinden ýaraly bolup gaçyp gutulan ýolbarsy gören tilki: "Bu nä boluş ýolbars dogan ? Biziñkiler awa çykypdyrlarda, seni awlaýdylarmy ýa?" diýipdir.

Ýolbars, ganlar içinde öñem ýaraly, ysgynsyz we ýadow, tilkä tarap öwürlip: "Men bu ýaradan ölmezdim welin, seniñ bu söziñ meni öldirdi..." diýipdir.

***

Lukman Hekimden: "Hassamyza nämeler iýdirmeli ?" diýip soranlarynda şu jogaby beripdir :

" Ajy söz iýdirmäñ, başga näme iýse-de bolar."

***

Mevlana şägirtleri bilen birlikde ýolda ýöräp barýakalar, biri-birlerine gysylşyp ýatan itleri göripdirler.

Şägirtlerden biri " Gaty gowy doganlyk ýagdaýy" diýipdir. "Käşkä adamlar hem bulardan biraz görelde alsalar."

Mevlana çala ýylgyrypdyr we garşylyk beripdir :

"Aralaryna bir süñk okla-da, gör, hany nahili doganlyklarny."

Toplan, terjime eden: © Öwezmyrat AŞYROW
Категория: Kesgir sözler | Просмотров: 147 | Добавил: Okayjy_ | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Sylapberdi • 21:10, 25.12.2023
Ýolbarsly jogap jogaplaryñ jogaby bolupdyr.
avatar

uCoz