MENU

14:04
Zyýa
Exclusive


ZYÝA


Durmaga karary ýetmeýän şu ýüregimi
Üstünden ätläp garaňky otaglaryň,
Depesini deşip ýalňyz gök ýüzüniň,
Alyp git ýanyňda ýa özüň gal

Gijäň ýyldyzlaryny saňa meňzeden Ýaradana
Olaryň sanyndan zyýada haýran galýan
Sandyrawuk dileglerimiň gönüsinde
Yza gaýdylmaýan şöhle bar
Utanýan tesişlerimiň ejizliklerini
Görmeýän düýşlerimiň ýorgutlarynda saklaýan

Häzir size hakykat barada
Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň
Beýhuş urgularynda kalbymyň zyýasy
Gujak gerdi gözleri bilen köňlüme
Haýsy tarapa gönükdirsem pikirimi
Yşyga bürenen düşünjelerimi görýän

© Seýran OTUZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 140 | Добавил: Medicall | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.3/6
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Mekan2 • 14:43, 28.06.2024
bulam erbet dä welip, araky gazallary mundan has gowudy.
avatar
0
2 Seýrаn • 23:21, 28.06.2024
Öň şeýle goşgulary, has gysgaraklary "Bugunyň astynda" (Kappuçinoň ýa çaýyň...) rubrikasy bilen kän ýazypdym we telefonumdan pozuldy. Bolmanda 100 sanysy ýitdi, özem dereksiz. Haýyrlysy diýip goýdum. Azajyk tapdym.
avatar
0
3 Medicall • 00:59, 29.06.2024
Goşgy könekimi?
Öñ okalanmy?

Munam Exclusive sorayan
avatar
0
4 sussupessimist • 08:19, 29.06.2024
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...© SEÝRAN OTUZOW

Şu setirler Edebiyat kafesiniň zastawkasynda duran eken, emma goşgyň ozi yokdy
avatar
0
5 Medicall • 08:22, 29.06.2024
Ýöne goşgyñ ady gelişmedik ýaly
avatar
0
6 sussupessimist • 11:41, 29.06.2024
Zyýa bolmalyken ady, men bilmän goydum, pardon. Uytgedildi
avatar

uCoz