MENU

04:07
Harplaryñ arkasynda
HARPLARYŇ ARKASYNDA

Gijäñ içi ýene men
ähli zat gowy şol bir mowzuk diýmeseñ.
Bes edäý indi ýoldaş mugallym,
ýüregmize düşdi "geçilenleri gaýtalamak"
Daglaryñ üstündäki mekdep
Juda sowuk.
Köçede ygyp ýör gyýçak şemallar
Daş-töwerek demirgazyk.
Çyrlaýar çagalar sallançagynda.
sebäbi,
eneleriñ süýdi doñdy göwsünde.
Gulakly ker,gözli kör
utanç dälmi ?!
Siýemsoñ siýdigme taýdyrma meni!
Gumuñ astyndaky zehin,goý gohyñy
eşidýän ýok!
Ýadadym,damagny çalyp cüýşeleñ.
Bukulmakdan ýadadym harplaryñ arkasynda...

©Baýgeldi Baýgeldiýew
Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Ak-sary | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Aýgül_Baýadowa • 14:46, 09.03.2024
Dagyň üstündäki mekdep.
Ýüregime düşdi.
avatar
1
2 Lacrymosa • 11:27, 10.03.2024
Bukulma, Baýgeldi! bular ýaly ýüregi bukup saklabilmersiň! ýüregiňi şeýdip döküp dur. Galamyň ýiti bolsun! Täze goşgularyňa garaşýan!
avatar
1
3 Kyyas • 22:07, 13.03.2024
Sen bukulma, harplaryñ bilini bükde çemençeler edip dowam ediber. Ýöne ýene men gerek dälde Gijäñ içi şol gatnaýat mekdebim diýilse nenen boordy.
avatar

uCoz